Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy.Malaýziýanyň Hökümet binasynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda wiza talaplaryny kem-käsleýin ýatyrmak hakynda Ylalaşygy notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän Toplum-I şertnamalaýyn çägini özleşdirmek babatda täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnamanyň täjirçilik şertleri barada Teswirnama bar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäginde düýn Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary malaýziýaly kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň jemleri boýunça ylym-bilim ugurly hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 6-syna gol çekildi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda geljekde iki ýurduň bilim ojaklarynyň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýlup, bilelikdäki taslamalar durmuşa geçiriler. /* custom css */ .td_uid_15_67640d17ac1ad_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67640d17ac1ad_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }