Türkmen-Mahabat HK: aýratyn bezegler , dürli mümkinçilikler

Türkmen-Mahabat hususy kärhanasynyň taýýarlan mozaikaly pannolary paýtagtymyzy gurmagyň on altynjy tapgyrynyň çäklerinde hususy gurluşyk kärhanalarynyň Magtymguly şaýolunda bina edýän 12 gatly jaýlarynyň gapdal tarapyny bezär. Taslama we Tähran köçeleriniň arasyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň köp gatly jaýlarynyň 16-synyň gapdal bölegine türkmen nakgaşlarynyň monumental kompozisiýalary çekiler.

Beýikligi onlarça metr bolan pannolar 2,5 х 2,5 santimetr ölçegdäki örtüklerden düzüler, olar gyzdyrylyp, soňra sowadylan reňkli aýnadan taýýarlanylýar: her panno 481 bölekden ybarat bolar, bu bolsa şekiliň nepisligini üpjün eder.

Binalaryň daşky bezegi boýunça hünärmenler eýýäm belent jaýlara sekiz panno goýdular. Mozaiki örtükleriň matrisaly ýygnalmagy jaýlaryň daşyndaky suratlary döretmek işlerini ýeňilleşdirýär. Kompozisiýaly modullar geçen ýyl Ak bugdaý etrabynda işläp başlan Türkmen-Mahabat HK-nyň zawodynda çykarylýar.

Bu ýerde uly ölçegli aýnadan mozaika öndürmek boýunça ýokary tehnikaly enjamalr oturdylan. Matrisaly ýygnamagyň sanly usuly monumental kompozisiýalaryň ýokary hilli önümçiligini üpjün edýär. Estetiki artykmaçyklaryndan başga-da, mozaikaly pannolar has berkligi we yssy hem-de sowuk howa çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Sanly matrisaly ýygnama usuly dürli ähmiýetli binalaryň içerki eksluziw bezegini döretmäge hem mümkinçilik berýär. Türkmen-Mahabat HK-da mundan başga-da, penopolistroldan ýelmenýän detallar, binalaryň daşy üçin gips we sement örtüklerden hakyky daşa meňzeş 3D paneller çykarylýar.

Kompaniýa Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzden gowragynyň daşyny bezemäge, Täze zaman kottejler şäherçesini gurmaga gatnaşdy. Şu ýylyň noýabrynda gurluşyk we bezeg materiallarynyň ençeme görnüşini teklip edýän firmanyň söwda kärhanasynyň döredilenine bäş ýyl boldy. Türkmen-Mahabat HK ýakyn wagtda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyna gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Ýörite geýimler dünýäsi HK myhmanhana-restoran işewürligi (HoReCa) üçin geýimleri tikmek hyzmatyny hödürleýär
Türkmen BerkMetal HK-nyň bilermenleri ýuwmagyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen serişdeleriň arasyndaky esasy tapawudy düşündirdiler
Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Russiýanyň Parahatçylyk gaznasy tarapyndan sylaglanyldy
Buker baýragyna mynasyp boldy
Rowachlan Galkynysh TSSE-de geçýän sergide gaplama önümleriniň üstünliklerini tanyşdyrýar
Türkmen aýakgap öndürijisi Röwşen Aşgabatdaky sergä gatnaşmaga çagyrýar
Ýönekeý HK: Hytaýyň orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär