16-njy noýabrda bilim, saglygy saklaýyş we sport boýunça wise-premýer Sapardurdy Toýlyýew prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa saglyk işgärleriniň hünäriniň ösdürilişi barada hasabat berdi diýip döwlet habarlar gullugy TDH bildirýär.
Toýlyýew saglygy saklaýyş pudagy boýunça Türkmenistana yzigiderli sapar edýän nemes lukmanlary we hünärmenleri bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk barasynda gürrüň berdi.
Toýlyýewiň sözlerine görä, 21-24-nji noýabrda Mýunhendäki Maksimiliana-Lýudwig uniwersitetiniň Grosshadern keselhanasyna türkmen hünärmenleriniň topary iberiler.
Bellesek,Mýunhendäki Grosshadern uniwersitet keselhanasynyň endokrinologoýiýa we gant keseli boýunça ýöriteleşen professory Klaus Parhofer Türkmenistana yzygiderli barýar.
TDH-niň maglumatyna görä, Parhofer türkmen lukmanlary bilen 2008-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär.
2020-nji ýylyň noýabrynda Grosshadern keselhanasynyň birnäçe lukmany M.Garryýew adyndaky Türkmen döwlet saglygy saklaýyş uniwersitetiniň Hormatly professory derejesini aldylar.
The post Türkmen lukmanlarynyň topary Germaniýanyň hassahanasynda hünärini ösdürmäge gidýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.