Türkmen lukmanlary transplantologiýa boýunça owgan kärdeşleri bilen pikir alyşdylar

Türkmen lukmanlary transplantologiýa boýunça owgan kärdeşleri bilen pikir alyşdylar

25-nji awgustda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Owganystanyň Hyrat şäherindäki “Loqman Hakim Complex Hospital” köpugurly hususy hassahanasynyň lukmanlarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek we transplantologiýa ugrunda özara tejribe alyşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

TDIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda owgan tarapynyň wekilleri bu ugurda öz gazanan tejribeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynda turkmen lukmanlary bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmak isleýändiklerini aýtdylar.

Olar lukmanlaryň birek-birege saparlaryny guramak bilen, ýakyndan tejribe alyşmak usulynyň has-da netijeli boljakdygyny nygtap, agzalan ugurlarda özara tejribe alyşmak üçin türkmen lukmanlaryny Owganystanyň Hyrat welaýatyna iş sapary bilen gelmäge çagyrdylar.

Türkmen tarapy hem, öz gezeginde, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we owgan lukmanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
TÜRKMEN WE OWGAN LUKMANLARY IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEK MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Türkmen we owgan lukmanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Hyrat şäheri transplantologiýa ugrunda hyzmatdaşlygy ösdürer
Kuraş 2023: türkmen türgenleri ilkinji iki finalda iki kümüş medal gazandylar
Mbappeniň 8-nji sekuntdaky goly we PSŽ-niň 7 golly ýeňşi