Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni adalat ministri Begmyrat Muhamedow bilen ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Maslahatyň dowamynda ministr ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, täze kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek boýunça teklipleri taýýarlamak babatda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen kanunçylyk usullaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.
Geçirilýän giň gerimli işler ýurdumyzyň hukuk ulgamyny berkitmäge we kämilleşdirmäge, parahatçylygy we dostlugy üpjün etmäge, halkara guramalar hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem ýurdumyzyň hukuk taýdan toplumlaýyn we yzygiderli düzgünleşdirmegini doly üpjün etmegiň geljek ýyllar üçin esasy wezipeleriň biri bolmalydygyny aýtdy.