Türkmen Lideri we ÝB-niň Başlygy Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdylar

Türkmen Lideri we ÝB-niň Başlygy Owganystandaky ýagdaýlary maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Başlygy Şarl Mişeliň arasynda ýekşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýyň diňe parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigi aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklap, bu gün biziň öňümizde gatnaşyklary giňeltmek wezipesiniň durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Owganystanda bolup geçýän häzirki ýagdaýda Türkmenistanyň türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklaryny dowam etdırmek hem-de owgan halkyna zerur ynsanperwerlik goldawyny bermek boýunça anyk çäreleri görýändigine ünsi çekdi.

Türkmenistan hereket edýän şertnamalara laýyklykda, goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermegini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik energiýasy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Munuň özi Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar sebitlerini elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işlemeginiň üpjün edilýändigi hem nygtaldy. Serhetden ýük daşalanda, serhediň goralmagyny, gümrük, sanitariýa, fitosanitariýa we gözegçiligiň hem-de barlagyň beýleki görnüşlerini üpjün etmek meseleleri boýunça yzygiderli gatnaşyklary amala aşyrýar diýip, habarda bellenilýär.

Milli Liderimiz Owganystandaky ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýetirýän täsiri bilen bagly meseleler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň häzirki wagtda geosyýasy nukdaýnazardan, çylşyrymly ýagdaýy başdan geçirýän sebitde ýerleşýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, Bitaraplyk derejesi biziň ýurdumyza Garaşsyzlyk ýyllarynda sebitde durnukly syýasy gatnaşyklar üçin şertleriň döredilmegine, ynamly syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna mümkinçilik döretdi diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

1996 — 2001-nji ýyllarda ýurduň çäkleriniň 90%-i “Taliban” hereketiniň garamagynda bolan goňşy Owganystanyň taryhyndaky çylşyrymly döwürler barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň bu ýurduň halkyna ykdysady hem-de ynsanperwerlik kömegini bermegini dowam edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Mazari-Şarif we Hyrat şäherlerindäki konsullyklary şol wagtda hem işlerini dowam edip, Owganystanyň ilatyna konsullyk hyzmatlaryny bermek boýunça öz wezipelerini ýerine ýetirdiler diýip, milli Liderimiz sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan Owganystandaky çylşyrymly içeri syýasy ýagdaýlara garamazdan, 1999-2000-nji ýyllarda Aşgabatda “Taliban” hereketiniň hem-de şol döwürde Ahmad Şah Masudyň baştutanlygyndaky “Demirgazyk alýansyň” arasynda gepleşikleriň dört tapgyrynyň geçirilmegini gurady. Şol gepleşikleriň Birleşen Milletler Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilendigini bellemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz şol döwürde taraplaryň ikisiniň hem geňeşmeleriň netijeli bolandygyny ykrar edendiklerini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenleri jemläp, wakalaryň geljekde ösüşiniň goňşy ýurtdaky täze häkimiýetiň Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de beýleki döwletler bilen gatnaşyklarynyň derejesine gürrüňsiz bagly boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu meselede ýurdumyzyň garaýşy barada aýdyp, häzirki wagtdaky çylşyrymly epidemiologiýa ýagdaýlarynda bosgunlary kabul etmek baradaky çözgüde sagdyn çemeleşmegiň hem-de ynsanperwer meseleleriniň beýleki ugurlary bilen birlikde, ilkinji nobatda, örän howply koronawirus ýokanjynyň giň möçberde ýaýramak töwekgelçiligine çynlakaý baha bermegiň zerurdygyny belledi.

Halkara borçnamalaryny, şol sanda halkara ynsanperwerlik hukugynyň kadalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny ýerine ýetirmek bilen, Türkmenistanyň birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Ýewropa döwletleriniň raýatlaryny Owganystandan alyp gaýtmak işleriniň bökdençsiz guralmagyny üpjün etmek üçin özüniň howa giňişligini açandygyna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şu ýylyň 15-nji awgustyndan başlap, häzirki wagta çenli Owganystandan raýatlary alyp gaýdýan uçarlara ýurdumyzyň howa giňişliginden geçmek üçin onlarça ygtyýarnamanyň berlendigini, bu işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna habar berdi.

Öz nobatynda, jenap Şarl Mişel Türkmenistanyň Baştutanynyň ählumumy howpsuzlygyň, durnuklylygyň üpjün edilmegine hem-de Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň möhümdigini hem-de öz wagtynda öňe sürlendigini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasy ugruny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda halkara bileleşigi tolgundyrýan möhüm meseleler boýunça açyk hem-de oňyn söhbetdeşlik üçin Ýewropa Bileleşiginiň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň sebitiň mundan beýläk-de parahatçylykly we durnukly ösüşi üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Russiýa,Talibanyň gadagan edilen “terror” guramalarynyň sanawyndan çykarylmagy üçin işe girişdi
Taliban 31-nji awgusty Milli dynç alyş güni hökmünde yglan etdi
Türkiýe, Owganystanda Guralan Hüjümi Ýazgardy
Owganystanda Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DAEŞ Öz Üstüne Aldy
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy
JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT