Türkmen Lideri Olaf Şolsy Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmen Lideri Olaf Şolsy Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny ýollady.

Milli Liderimiz öz gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.

Germaniýanyň parlamenti Bundestag çarşenbe güni Olaf Şolsy ýurduň täze Kansleri wezipesine saýlady. Soňra Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer täze Kansler wezipesini resmi taýdan belledi.

Şols 16 ýyllap Germaniýa ýolbaşçylyk eden Angela Merkeliň ornuna geçdi.

Olaf Şols 2018-nji ýyldan häzirki wagta çenli Angela Merkeliň wise-kansleri we Germaniýanyň Maliýe ministri wezipesinde işledi.

Ýene degişli makalalar

Germaniýada Bundestagyň başlygy belli boldy
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi