Türkmenistanyň prezidenti çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynda milli puluň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegiň döwletiň pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolmalydygyny belledi diýip, business.com neşiri habar berýär. Emma Türkmenistanyň çap edýän resmi sanlary bu ýylam Bütindünýä bankynyň “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatynda orun almaja meňzeýär.
Ýurduň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyna hökümet başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, maliýe we ykdysadyýet ministri, bank düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Merkezi bankyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady ösüşiň “ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagynyň” üpjün edilýändigini belläp, bu görkezijiniň geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2%-e deň bolandygyny aýtdy.
Maslahatyň dowamynda puluň hemişe kadaly hereket etdirilmelidigi nygtaldy. “Häzirki wagtda Merkezi bankyň we tutuş bank ulgamynyň esasy wezipesi ykdysadyýetimizde puluň ekwiwalentini saklamakdan we bu ugurdaky ýagdaýlara hemişe gözegçilik etmekden ybarat” diýip, prezident aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidigi nygtaldy.
Emma muňa garamazdan, Bütindünýä banky Türkmenistany şu ýylyň ýanwarynda tapgyr ikinji gezek “Global ykdysady perspektiwalar” hasabatyndan çykardy.
Azatlygyň geçen ýylda habar berşi ýaly, Bütindünýä banky “Global ykdysady perspektiwalar” atly soňky hasabatynda, ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Türkmenistany hasabatdan çykardy.
“Esaslandyrylan hildäki ygtybarly maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, Bütindünýä banky häzirki wagtda Türkmenistan we Wenesuella boýunça ykdysady önüm, girdeji ýa-da ösüş maglumatlaryny çap etmeýär. Türkmenistan we Wenesuella makroykdysady agregatlardan aýrylýar” diýip, hasabat aýdýar.
Ýatlasak, mundan ozal, Halkara walýuta fondy hem aprelde türkmen hökümetiniň resmi statistiki sanlaryny ulanmagy bes etdi. Pul gaznasy “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüş perspektiwalary” atly soňky hasabatynda Jemi Içerki Önümiň ösüş derejesi boýunça Türkmenistanyň hödürleýän sanlaryny ulanmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.