Türkmen lideri milli atşynaslykda gazanylan üstünlikler üçin hormatly atlary dakdy

Türkmen lideri milli atşynaslykda gazanylan üstünlikler üçin hormatly atlary dakdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmak hakynda

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýär.Gözelligiň hem-de kämilligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi ahalteke bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, dünýä döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, özara bähbitli tejribeleri alyşmak boýunça köp işler ýerine ýetirilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary hem atçylygy ösdürmekde, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda we tohum arassalygyny gorap saklamakda netijeli işleri alyp barýarlar.

Atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny gorap saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny we gazanan ýokary netijelerini, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Şu daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady dakmaly:

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Akhal-tehas ahalteke atçylyk hojalygynyň eýesi Tito Nils Pontekorwa,

Russiýa Federasiýasynyň Gurtbil atçylyk hojalygynyň eýesi Mariýa Walerýewna Mosara.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýislik sungatyny ösdürmekde, atlary ösdürip ýetişdirmekde, olaryň baş sanyny artdyrmakda, ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de ýokarlandyrmakda, at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

Türkmenistanyň halk atşynasy diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň atbakary Şiraly Rahymowa,

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň müdiri Halmyrat Begmyradowiç Babaýewe;

Türkmenistanyň at gazanan atşynasy diýen hormatly ady:

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň baş direktory Ahmed Amangeldiýewiç Berdiýewe,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň atly gözegçilik rotasynyň seýsi Çary Gylyjowiç Taganowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 57870-nji harby bölüminiň serkerdesi Gadamdurdy Kurbanowiç Musakaraýewe,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň serkerdesi Ýusupberdi Garlyýewiç Orazberdiýewe,

Balkan welaýatyndan hususy atşynas Altymyrat Hojamyradowa,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginiň kärendeçisi, hususy atşynas Atabaý Amangeldiýewe,

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň Lebap bölüminiň seýsi Asrar Jumakulyýewiç Ergeşowa,

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Mary döwlet athanasynyň seýsi Begli Seýitmuhammedowiç Ýemreliýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmekde, atlary ýetişdirmekde we olaryň syna gözelligini kämilleşdirmekde, dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatly miras bolan türkmen atşynaslyk sungatyny gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde, ussat atşynaslary, seýisleri we çapyksuwarlary taýýarlamakda, seýislän bedewi bilen at çapyşyklarynda we atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlarda ýokary ussatlygy hem-de hünäre ezberligi görkezmekde, baýrakly orunlary eýelemekde, ýaş nesillere seýisçilik sungatynyň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny öwretmekde gazanan uly üstünlikleri we halypalyk etmek işlerine goşan aýratyn saldamly goşantlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

Türkmenistanyň halk atşynasy diýen hormatly ady:

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi Suwhandurdy Amandurdyýewiç Kuljanowa,

Türkmen atlary döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atçylyk bölüminiň seýsi Derýamyrat Gurbanmyradowiç Saparowa;

Türkmenistanyň ussat halypa seýsi diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň seýisçilik bölüminiň baş seýsi Kakamyrat Agamyradowa,

Aşgabat şäherinden hususy atşynas, seýis Orazguly Babalyýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň atşynaslaryna hormatly atlary dakdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Berdimuhamedow "Türkmenistanyň halk atşynasy" diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi
Belgiýaly aýdymçy Magtymgulynyň goşguşysyna aýdym döretdi
Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar