Türkmen Lideri lebaply düýe çopany bilen söhbetdeş boldy

Türkmen Lideri lebaply düýe çopany bilen söhbetdeş boldy

4-nji ýanwarda "Malaý" gaz käninde geçiren iş maslahatyndan soň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi we ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy.

Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykow türkmen Liderini garşylady. Döwlet Baştutany çopanyň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy. Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, şol sanda maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi.

Türkmen Lideri “Düýe maly — dünýe maly” diýen paýhasly jümläni döreden halkymyzyň düýe malyna aýratyn gadyr goýýandygyny nygtap, düýe ýüňüniň, süýdüniň, çalynyň hem-de agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygynyň ylmy esasda subut edilendigini gürrüň berdi.

Çopana döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Lebaply çopanyň maşgala agzalaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgatlary gowşuryldy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
Berdimuhamedow Lebapda düýe çopany bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary we Lebap welaýatlaryna iş sapary
Lebapda prezidentiň aw awlamagy üçin emeli şert "döredildi", hereket, Internet we telefon arabaglanyşygy çäklendirildi
Türkmen oba hojalyk institutynyň yglan eden döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi