Türkmen Lider TOBB-yň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Türkmen Lider TOBB-yň başlygy bilen duşuşyk geçirdi

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly Aşgabat şäherine resmi sapar gurady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçiren Rifat Hisarjyklyogly iki ýurduň arasyndaky söwda kuwwadynyň artdyrylmagy we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatynda pikir alyşdy.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň Kiçi we orta ululykdaky kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk mümkinçikleri ele alyndy, ýurtdaky kiçi we orta ululykdaky kärhanalaryň halkara integrasiýasynyň üpjün edilmegi babatynda pikir alyşyldy.

Türkmen Lider Arkadag şäherinde täzeçil tehnologilar ulanylyp döwrebap bir döwlet hyzmatlar ulgamynyň guruljakdygyny belläp, şol ugur boýunça türkmen we türk hünärmenleriniň ikitaraplaýyn häsýetdäki tejribelerini paýlaşyp biljekdiklerini habar berdi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogly duşuşykdan soň beren beýanatynda ýurduň ilatynyň ýaşaýyş standartlaryny ýokarlandyrýan Arkadag akylly şäher taslamasyna buýsanýandyklaryny beýan etdi. Şu we şuňa meňzeş taslamalarda türk işewür adamlarynyň türkmen taslamalaryna gatnaşyp biljekdigini mälim etdi.

Türkiyede öndürilen bor elementiň Türkmenistanda ulanylyp bilinjekdigini aýdan Rifat Hisarjyklyogly, iki ýurduň ýokary okuw jaýlarynyň arasynda hem täze mümkinçilikleriň açylandygyny beýan etdi.Duşuşykda mundan başgada Gurbanguly Berdimuhamedow golaýlap gelýän saýlawlara ünsleri çekdi we Prezident Rejep Taýýip Erdogana üstünlik arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan kompaniýasy Türkmenistanda oba hojalyk dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak isleýär
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Türkiýäniň terrorizme garşy göreşi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Penje Gylyç Howa Operasiýasy"
"Tel Rifatda, Manbiçde we Aýn Al Arabda gury ýer hüjümi guralyp bilner”