29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy, şeýle-de işewürler maslahatyna gatnaşdy we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçirilen gepleşikleriň dowamynda dostlukly döwletiň Baştutany hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy Koreýa Respublikasynda görýändigine örän şatdygyny belledi. Dostlukly ýurduň Prezidenti Gahryman Arkadagymyza Koreýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna ynam bildirdi.
Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň (KITA) prezidenti Kristofer Ku bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda, aýratyn-da, ulag-logistika ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewür düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.