tdh.gov.tm-niň fotosuraty
5-6-ny aprelde Aşgabatda Söwda, ykdysadyýet, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy baradaky türkmen-koreý komissiýasynyň 6-njy mejlisi geçirilýär.
Günorta Koreýa tarapyna ýurduň söwda, senagat we energetika ministri Jo Hwango ýolbaşçylyk edýär, ol hökümetara komissiýanyň hem egindeş başlygy bolup durýar.
Mejlisiň gün tertibi komissiýanyň 2015-nji ýylda geçiren mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň we şertnamalaryň ýerine ýetirilişini ara alyp mashatlaşmagy hem öz içine alýar. Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar döwletara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny hem ösdürmegi niýet edinýärler.
Seul gaz ýataklaryny özleşdirmek, nebit-himiýa we gaz infrastrukturasyny döretmek we Türkmenistanyňsenagatyny döwrebaplaşdyrmak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyga bil baglaýar diýip, “Trend” habar gullugy habar berýär.
Häzirki wagtda Günorta Koreýanyň LG we Hyundai kompaniýalary ýaponiýanyň TOYO-sy bilen Kiýanly şäherçesinde (Kaspiniň türkmen kenary) polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gas-himiýa toplumynyň gurluşygyny alyp barýar.
Bu taslamanyň umumy bahasy $3,4 milliarddan gowrak serişdä durýar.Gaz-himiýa toplumyny 2018-nji ýylyň sentýabrynda işe girizmegi planlaşdyrýarlar.Kärhananyň kuwwatlylygy ýylda bäş milliard kub metr gazy gaýtadan işlemäge, 386 müň tonna polietilen, 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen.
Şeýle-de, Aşgabat we Seul, Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlary boýunça, ýewropa we ýakyn gündogar bazarlaryna çykmak maksady bilen, tranzit we logistika infrastrukturasy nukdaý nazaryndan, transport pudagyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berýärler.
Bu taslama Kaspi deňzi, Gara deňiz basseýin we Baltiýa sebitlerine çykýan tranzit koridorlaryny hem öz içine alar. Bu Azia-Ýuwaş okean sebtinden Merkezi Aziýanyň territoriýasynyň üsti bilen ýewropa we ýakyn gündogar bazarlaryna barýan iň gysga ýoly açýar.