Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen

Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ilerletmegiň ýoly bilen

27-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-Çul bilen söhbetdeş bolup, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykandygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýeti boljak bu saparyň çäklerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, şeýle hem iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirildi diýip belledi we gazanylan ylalaşyklaryň strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine seredildi
Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23.11.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Aşgabat we Seul işewür gatnaşyklary ýola goýmagy maslahatlaşdylar