7-nji fewralda Seul şäherinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň dostlukly ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň direktorynyň orunbasary, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariatynyň Baş direktorynyň orunbasary, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy Dostluk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy we Seulda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda oňa gatnaşyjylara türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlere hem-de ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi. Bu ýerde edilen çykyşlarda iki ýurduň Liderleriniň tagallasy esasynda soňky ýyllarda has depginli ösdürilýän Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça gatnaşyklaryň ýokary derejesi aýratyn nygtaldy.