Türkmen kontrazwedkasy sugulçylaryny köpeltmek üçin Türkiýede duşuşyklar geçirýär

Türkiýe türkmenistanly raýatlaryň köpçülikleýin migrasiýa hem ýokary bilim almaga gönükýän esasy ýurdy. Mundan daşaryn söwda gatnawynyň agramly bölegi hem Stambula gurnalýar.

Soňky ýyllarda Türkiýedäki türkmen raýatlarynyň demokratiýa has köp ymtylmagy we bu ugurda sosial mediada işjeň çykyş etmäge başlamagy Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynynyň gözegçilik astynda tutup bilmeýän köpçüligini emele getirdi.

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrligi türk polisiýasynyň goldawynda türkmen migrantlaryna garşy gurnaýan operasiýalaryndan daşaryn indi ol ýurtdaky şugulçylaryny köpeltmek üçin kontrazwedka resmileriniň gizlin Türkiýe saparlaryny ýaýbaňlandyrdy.

Türkmenistanyň MHM üçin Türkiýe bilen bilelikde dürli ýurtlarda içalylygy gurnaýan türkmen zenanlarynyň şugulçylyk teklip edip özara gürrüňdeşlik geçiren migrantlarynyň “Türkmenistanyň Hronikasynyň“ habarçylaryna aýtmagyna görä, olar ylaýta-da wiza möhleti dolup bikanun ýagdaýda işläp ýörenleri ýa-da köne pasportlylary dürli wadalar bilen şugulçylyga yrmaga synanyşýarlar.

Türkmen kontrazwedkasy we olaryň şugulçylary Türkiýede özüne ýaranlyk etmegini isleýän zähmet migrantlarytna täze daşary ýurt pasportuny alyp bermegi, kanuny ýagdaýa geçmegi üçin Türkiýedäki ähli dokumentlerini ilçihananyň üstünden düzeldip bermegi, Türkmenistana päsgelçiliksiz baryp-gaýdar ýaly etmegi, gowy işe ýerleşdirmegi we dürli döwletlerde söwda-biznes bilen meşgullanmagyna hem gerek bolanda pul hemaýatynyň ediljegini wada berýär.

Türkmen kontrazwedka gullugynyň asly Babaarap bilen Bagyrdan bolan resmileriniň şeýle maksatly saparynyň soňkysy ýaňy-ýakynda amala aşyryldy. Olar 1-nji iýul bilen 6-nji iýulyň aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherine 5 günlik “iş saparyny“ gurnady.

Türkmen kontrazwedka işgärleri 7-nji we 8-nji iýul günlerinde bolsa Stambuldaky şugulçylary bilen duşuşyklar geçirdi.Olar 7-nji iýulda gündiz sagat 12 töwereginde Stambulyň Aziýa ýakasyndaky şugulçylaryna baştutanlyk edýän Ataşehir diýen ýerinde (Weliler ýaşaýyş jaý toplumynyň A blogunyň 3-nji etažyndaky kwartirada) ýaşaýan tejenli (1979) we aşgabatly zenan (1980) ýaranlary bilen duşuşdy.

Ol zenanlar Türkiýeden daşaryn kontrazwedkanyň hemaýatklärliginde we Stambuldaky türkmen konsulhanasynyň hem goldamagynda Hindistan, BAE, Amerika we ÝB-ň ýurtlaryna söwda gatnap, şol bir wagtda hem ol ýerdäki türkmenler barada her dürli maglumat ýygnamak bilen meşgullanýar. Şugulçylaryň ähli resminamalary Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynda taýýarlanýar we ýokarda agzalýan şugulçylyk operasiýalary hem hut şol merkezden gurnalyp, alnyp barylýar.

8-nji iýula geçilýän gije sagat on iki töwereginden üçe çenli bolsa Stambulyň (Ýeşilköý etrapçasyndaky türkmen konsulhanasyna golaý bir ýerde) Ataköýiň deňiziň ýakasyndaky bir restoranda 1982-nji ýylda doglan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň ýaşaýjysy beýlekisi bolsa 1983-nji ýylda doglan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjysy bolan zenan baş sugulçylary bilen duşuşýar.

Bu gezekki duşuşykda owalkydan tapawutlylykda şugulçylyk teklip ediljek Stambulda işleýän migrant zenanlary hem kontrazwedkanyň işgärleri bilen tanyşdyrylýar.

“Nahar başynda kontrazwedkanyň babaaraply resmisi zenan ýaranlaryndan “Bu migrant zenanlary gowy tanaýaňyzmy?Bular ynamdar hem öz adamlaryňzmy?Bular biziň gowy gyzlarymyzdanmy?Bu biziň bilen gowy işleşip biljekmi?

Eger biziň bilen hyzmatdaşlyk etjek diýse onda ony gowy işe ýerleşdireli we ähli dokument kemçiliklerini hem düzeldip bereli“ diýip, soraýar.Olar hem kontrazwedkadan teklip bolan halatynda işleşip biljegini aýdýar.

Soň iki resmi köýtendagly baş şugulçy bilen aýratynlykda üç bolup çetde oturyp özara gürrüň edýär.Bagyrly kontrazwedka resmisi bolsa başga oturgyja geçip kakaly zenan bilen Stambulda geljekde türkmen migrantlarynyň gözegçilik astynda tutulmagy üçin edilmeli işler hakda maslahat geçýär“ diýip, şugulçylyk teklibi hödürlenen migrantlar “Türkmenistanyň Hronikasynyň“ habarçylaryna bolan waka barada gören-eşidenlerini gürrüň berdi.

Türkmen kontrazwedka işgärleri Türkiýedäki iş saparyny tamamlap, wiza möhleti dolandan soň başga ýurda baryp-gelip täzeden kanuny ýagdaýa geçmäge synanşan mahaly aeroportdan ýurda goýberilmän deportasiýa karary berlen 15 türkmen migranty bilen bilelikde 8-nji iýul güni gije sagat on ikidäki Stambul-Aşgabat uçary bilen ýurda dolandy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň“ habarçysy bilen Aşgabatda anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan howpsuzlyk işgäri ýokarda aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen, kontrazwedkanyň resmileriniň daşary ýurtlardan deport edilýän türkmenistanly raýatlary getirmek tabşyrygy bilen sapar gurnaýandygyny mälim etdi.

Onuň bellemegine görä, düzgüne laýyklykda Türkmenistandan daşary ýurtlara gurnalýan uçar saparlarynda hökman azyndan iki sany kontrazwedkanyň işgäri bolaýmaly.Deport edilen migrantlary daşary ýurtlardan resminamalara gol çekip, dokumentleri bilen bilelikde alyp gaýtmak wezipesi hem şol kontrazwedka resmilerine berlen.

Bolmasa Türkmenistanda güýç gulluklarynda işleýänleriň daşary ýurt pasportuny almagy hem başga ýurda gitmegi kanun esasynda düýbünden gadagan edilen ýagny ýörite tabşyryk bolmasa hiç bir harby ýa-da organ işgäri başga döwlete çykyp bilmeýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň“ habarçylary bilen gürrüňdeş bolan migrantlaryň aýtmagyna görä, Türkiýedäki türkmen aktiwistlere garşy MHM-ň görkezmesi boýunça iş alyp barýan şugulçylar bolsa ýokarda ady agzalýanlardan aýratynlykda hereket edýärler.

Olaryň baştutanlygyny bolsa 1973-nji ýylda doglan maryly “Gwozdika“ lakamly XXXXXXXXXXX özüniň baýramalyly joralary bilen bilelikde alyp barýar.Olar aktiwistleri yzarlamakdan we olara haýbat atmakdan daşaryn, ylaýtada sosial mediada Türkmenistan barada demoktarik garaýyşlary beýan edýänleri anyklamak hem olary MHM-ne şugullamak bilen meşgullanýarlar.

Ýatlasak Türkmenistanyň MHM Türkiýede şugulçylyk işlerini ýaýbaňlandyrmak üçin edýän tagallalary çäginde nowruz baýramçylygyna gabatlap türkmen studentleriniň arasynda Ankarada duşuşyk geçiripdi.

“Konsulhananyň Türkiýäniň ÝOJ-nda okaýan türkmen studentleriniň arasynda öz “şugulçylary“ bar.Olar köpülenç diýen ýaly iki oglan we bir gyz görnüşinde bolýar.Nowruz baýramçylygy mynasybetli ilçihananyň Ankarada geçiren ýygnagyna 45 student gatnaşdy.

Olardan 30 sanysy oglan, galan 15 sanysy bolsa gyz student we barysy hem öz okaýan ýerindäkiler barada konsulhana maglumat berýänler.Türkmenistanyň ilçihanasyny nowruzda talyplaryň arasynda baýramçylyk çäresini geçirmegiň deregine “şugulçylaryny köpeltmek barada“ ýygnak geçirmäge nämäniň sebäp bolandygyny bilýän ýok.

Konsulhananyň işgärleri Türkiýede okaýan studentlerden “Türkmenistan döwletiniň bagtyýarlygyna we prezidentine garşy iş alyp barýan“ daşary ýurtlardaky neşirleri kimleriň yzygiderli yzarlaýandygy, kimleriň teswirlere goşulyp, olara duýgydaşlyk bildirýändigini öwrenmegimizi tabşyrdy.Bu ugurda yzygiderli maglumat getirýänlere her alty aýdan 100 amerikan dollary möçberinde serpaý bilen bilim ministrligi tarapyndan hem hormat haty beriljegi bildirildi“ diýip, ol ýygnaga gatnaşan türkmen student gyzy habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Türkmenistan Russiýadaky raýatlarynyň Ukraýinada söweşmegini gadagan eder
Azatlygyň habaryndan soň, Türkmenistan demirgazyk Owganystandaky içerki bosgunlara ynsanperwer kömegini berdi
Stambulda ölen migrantyň hossarlaryna goldawyň deregine dymmagy üçin basyş edilýär
Türkmenistanyň goňşy ýurtlary bilen serhetlerini ýapmagynyň fonunda, ýüzlerçe türk sürüjisi türkmen-eýran serhedinde saklanyp galýar
Türkmen-eýran serhedinde ýolundan saklanan ýük ulaglaryny Türkiýä getirmek ugrunda tagalla edilýär