
Şu gün Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki konsuly Gadam Ilamanow Astrahan döwlet tehniki uniwersitetiniöň rektory A.Newalýonnyý bilen duşuşdy.
Taraplar balykçylyk we nebit-gaz pudagy ýaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlary üçin hünärmenleri taýýarlamakda hem-de akademiki gözlegler babatda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän birnäçe ugurlar boýuça pikir alşyldy.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda ADTU-da 170-den gowrak türkmenistanly talyp ýokary bilim alýar.