Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar

Türkmen konsullyklarynda pasportlaryň möhletini uzaltmazlyk baradaky habar migrantlary alada goýýar

Türkmenistanyň Türkiýedäki konsullygy türkmen migrantlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmagy bes etmegi mümkin.Bu habar 9-njy ýanwarda migrasiýa meselesi boýunça maslahatçy Emrah Wural tarapyndan, TikTok sahypasynda yglan edildi.Ekspertiň tassyklamagyna görä, 15-nji ýanwardan başlap, konsullyklarda pasportlaryň möhletiniň uzaldylmagy bes ediler.

Bu habar Türkmenistandan bolan zähmet migrantlarynyň arasynda aladalary döretdi. Şol wagtyň özünde, käbir türkmen aktiwistleri Wuralyň türkmen konsullygy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini öňe sürseler-de, ol maglumata şübheli garaýarlar.

Stambulbaky "Emrah Vural Danısmanlık" maslahatlar edarasynyň 9-njy ýanwarda, TikTok ulgamyndaky sahypasynda, Türkiýedäki türkmen migrantlarynyň ýakyn wagtda pasportlarynyň möhletini täzelemek mümkinçiliginden mahrum bolup biljekdigi aýdylýar.

"Türkmenistanyň hormatly raýatlary. Türkmen raýatlarynyň dykgatyna, kimiň pasportynyň möhleti gutaran ýa-da gutarýan bolsa, ony uzaltmagyň tertibi 2023-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan ýatyrylýar. Şonuň üçin wagt barka, bize jaň ediň, biz hem size kömek ederis" diýip, migrasiýa boýunça türk hünärmeni bildiriş berdi. Türkmen aktiwistleriniň aýtmagyna görä, olar Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygy bilen hyzmatdaşlyk saklaýar.

Türkmen konsullygy bilen Azatlyk Radiosynyň habarlaşmak üçin eden ençeme synanyşygy başa barmady. Şu maglumat çap edilýänçä, bu babatda konsullykdan resmi beýanat hem berilmedi.

Şol bir wagtda, Moskwadaky türkmen konsulhanasy bu mesele boýunça anyk jogap bermekden saklanyp, ähli maglumatlaryň öz websaýtlarynda ýerleşdirilendigini aýtdy. Bellesek, gürrüňi gidýän websaýtda türkmen pasportlarynyň möhletiniň uzaldylmagynyň togtadylýandygy barada maglumat ýok.

Şeýlelikde, türkmen häkimiýetleriniň öz raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmak prosedurasyny ýatyrandygy baradaky maglumat näbelli bolmagynda galýar.

Ýöne Emrah Wural 13-nji ýanwarda, TikTok sahypasynda, 15-nji ýanwara çenli arza bermedikler üçin, duýduryş bilen ýene bir wideo ýaýratdy.

Türkmenistanly migrantlaryň biri, migrasiýa maslahatçysyna ýüz tutanynda, Wural pasportyň möhletini uzaltmaga berjek kömegi üçin, 200 ABŞ dollaryny sorandygyny aýtdy. Şol pula ol arza berlenden soň, bäş günüň dowamynda, wagty geçen pasportyň möhletini uzaltmagy wada beripdir.

Türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa Emrah Wuralyň wideodaky maglumatlaryny sorag astynda goýýar.

"Hawa, bu häzir migrantlaryň arasynda giňden gürrüň edilýär.Meniň efire çykan wagtymda-da (TikTok’dan göni efire çykýar - Red.) maňa köplenç şu soragy berýärler.Meniň hut özüm bu maglumata şübhelenýän, hatda Emrah Wural Türkmenistanyň konsullygy bilen hyzmatdaşlyk saklasa-da.

Ol bu maglumaty başagaýlyk döredip, pul gazanmak üçin goýan bolmagy mümkin.Bu barada resmi çeşmeler hiç zat aýtmaýar. Ýöne köp garaşmaly bolmarys.Bu maglumatyň nä derejede ygtybarlydygy birnäçe günden aýan bolar" diýip, Taganowa 13-nji ýanwarda, Azatlyk bilen gürleşende aýtdy.

Aktiwistiň belläp geçişi ýaly, bu habar Türkiýedäki türkmen zähmet migrantlarynyň arasynda, biynjalyk döremegine sebäp bolupdyr. Olaryň biri Azatlyk bilen anonim şertde gürleşende, türkmen häkimiýetleriniň tebigatyna laýyklykda, öz raýatlarynyň durmuşyny kynlaşdyrmak üçin, islendik zady etjekdiklerine ynanýandygyny aýtdy.

"Bu maglumatyň hakykatdygyna mende şübhe ýok.Biziň döwletimiz öz raýatlarynyň durmuşyny bilgeşleýin gün saýyn beterleşdirýär. Öz raýatlaryna adam hökmünde däl-de, haýwan ornunda, hatda ondanam beter garaýar. Şeýle karar kabul edenlerinde, olary öz watandaşlarynyň nähili agyr ýagdaýa düşjegi biynjalyk etmeýär, biziň nähili şertlerde ýaşaýandygymyz olary az gyzyklandyrýar.

Olar biziň ýagdaýymyzy hiç haçan bilmediler, hiç haçan düşünjegem bolmazlar.Häzirkiler hökümet başynda bolsalar, gowy özgerişleri unudyň.Hatda umyt hem etmäň" diýip, türkmen migranty aýtdy.

Eger 15-nji ýanwardan başlap, pasportlaryň möhletini uzaltmagy bes etseler, onda Türkiýedäki bikanun ýagdaýda galýan türkmenleriň sany bir esse artar diýip, sözüne goşdy.

"Hatda kim açyk ýaşap-işlemegi resmileşdirip bilenem bolsa, erkin statusyny ýitirer.Türkmenistana bolsa hiç kim gaýtjak bolmaýar.Gaýdýan ýek-tük.Türkmenistana gidýän uçaryň ýarysy boş uçýar.

Türkmenistandan bolsa näçe adam uçup bilmän dur.Türkmenistanda gazanýan puluň ýaşamaga ýeterlik däl.Adamlar daşary ýurtda işläp gazanç etmäge gitmek hem alan pullaryny üzmek üçin bergä batýarlar.

Emma olary bu mümkinçilikden hem mahrum edýärler.Adamlary onsuzam goýberenoklar.Wizany girizmek nämä gerekdi?Men size onuň nämä gerekdigini aýdaýyn.Adamlaryň kynçylygyndan peýdalanmak, olardan para almak üçin gerek boldy" diýip, türkmen migranty belleýär.

Türkmenistanyň prezidentiniň karary bilen 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, daşary ýurtlarda wagtlaýyn galýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportlarynyň möhletini uzaltmagyň tertibi işlenip taýýarlanyldy. Şol hereket edýän kanuna laýyklykda, 2019-njy ýyldan häzirki döwre çenli pasport eýeleri pasportynyň möhletini uzaltmak üçin, Türkmenistanyň konsullyk gulluklaryna arza ýazyp ýüz tutmak bilen ony uzaldyp bilýärler.

Türkiýe Türkmenistanyň zähmet migrantlarynyň esasy gidýän ugry. Muňa garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti Türkiýe tarapyna ýüz tutup, öz raýatlary üçin, geçen ýylyň sentýabr aýyndan başlap, wiza girizmegi sorady. Ondan öň 15 ýylyň dowamynda, türkmenistanlylar Türkiýä 30 günläp wizasyz baryp bilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň jemleri 2024: Türkmenistan transmilli repressiýada "öňe saýlanan" ýurtlaryň biri boldy
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Türkiýede türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa azar berilýär
Türkmen aktiwisti Dursoltan Taganowa öz howpsuzlygyndan aladalanýar
Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler
16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal