Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy

Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy

Türkmen telekeçileri Goragly çäk görkezijili önümleriň 25-nji halkara sergisine (PGIE) we Import ugurly azyk we oba hojalyk önümleriň halkara sergisine (CIFA) gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada TSTB anna güni habar berdi.

“PGIE” we “CIFA” sergileri sertifikatlaşdyrylan oba hojalyk we azyk önümleri, şol sanda belli bir sebitleriň önümleriniň ýokary hilini we aýratynlygyny şöhlelendirýän çäk görkezijili harytlary tanyşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

Guramaçylar Türkmenistanyň bu çärelere işjeň gatnaşmagyna garaşýarlar we milli wekiliýetleri, pudaklaýyn birleşikleri hem-de ugurdaş kompaniýalary bu çäreleriň myhmanlary bolmaga çagyrýarlar.

Gatnaşyjylar eksport mümkinçiliklerini tanyşdyryp, hytaýly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary berkidip we oba hojalyk, azyk hem-de daşary söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin täze ugurlary tapyp bilerler.

Sergileriň çäklerinde halkara bazarlara çykmak we tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açjak işewürlik maslahatlaryň hem-de duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Stambulda geçiriljek “Halal Ekspo 2024” sergisine gatnaşar
Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul geçirimlerini ýeňilleşdirýär
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
Türkmenistan döwlet emlägine degişli 43 desgany bäsleşikli söwda çykardy
Italiýanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistana sapar ederler