Kinomatografiýaçylardan, artistlerden we teležurnalistlerden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 8 — 11-nji oktýabry aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Gorkut ata türki dünýäsiniň üçünji festiwalyna gatnaşar.
Nyzamy kino merkezinde geçiriljek festiwalda 40 töweregi çeper, dokumental we animasion filmler görkeziler.
Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde berilýän habara görä, 2021-nji ýyldan bäri geçirilýän bu festiwal ilkinji gezek Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilýär.
Bu festiwalda çeper filmleriň görkezilişinde Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň Gyzyl alma filmi görkeziler. Bäsleşikden daşary bolsa ýakynda Ýüpek ýolunyň merjeni at bilen geçirilen XV Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşan kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň Daragt filmi görkeziler.
Bu filmiň režissýory kinofestiwalda ýörite baýraga mynasyp bolup, oňa heýkeljik we pul baýragy gowşuryldy.
Daşkentde geçirilen kinofestiwalda Sahysalyh Baýramow çeper filmler boýunça emin agzalarynyň hataryna girdi.
Azerbaýjanda geçiriljek Gorkut ata türki dünýäniň kinofestiwalynda hem türkmen kinorežissýory kinolara öz bahasyny berer.
Dokumental kino ugry boýunça hem Türkmenistandan ýene bir wekil emin agzalarynyň toparyna çagyryldy.
Habarda bellenilişi ýaly, dokumental filmleriň hatarynda Pälwan Geldiýewiň Bekdurdy Amansaryýewiň edebi ýazgysy esasynda surata düşüren Günüň we suwuň perzentleri atly dokumental filmi görkeziler.
Bäsleşikden daşary kinofestiwalyň çäginde režissýor Röwşen Welmiýewiň animasion-multfilmi görkeziler.
Azerbaýjanda geçiriljek bu kino baýramynyň gyzykly pursatlary bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teležurnalistleri tomaşaçylary yzygiderli tanyşdyryp durarlar.
Azerbaýjanda geçiriljek Gorkut ata türki dünýäniň kinofestiwalyna 100-den gowrak türki halklaryň kinomatografiýaçylary bolan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.