Türkmen keşdeçilik sungaty milli mirasymyz

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden Türkmen keşdeçilik sungaty milli mirasymyz atly bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Halkymyzyň medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň biri bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanyp geçirilen bäsleşik ene-mamalarymyzdan gelýän keşdeçilik sungatyny mynasyp dowam etdirmegi, ýaşlarda bu sungata bolan söýgini artdyrmagy maksat edindi.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda halkymyzyň taryhynyň dowamynda döreden milli gymmatlyklaryny öwrenmek, medeni mirasynyň esasy ugurlaryny geljek nesillere ýetirmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ene-mamalarymyz türkmen zenanlarynda zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ululara hormat goýmagy kemala getiripdirler. Çagalara edep-ekram terbiýesini bermekde, milli ahlak kadalarynyň birkemsiz berjaý edilmeginde we olary nesilden-nesle geçirmekde türkmen zenanlarynyň orny örän uludyr.

Bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeňiji bolan zenanlaryň uly topary gatnaşdy.Olar halkymyzyň keşdeçilik sungatynyň taryhy we aýratynlyklary barada gürrüň bermek bilen, ýaka, tahýa, kürte we beýleki el işlerini keşdelemekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri SMS-habarnamalary esasynda saýlandy.Oňa laýyklykda, birinji orna Mary, ikinji orna Daşoguz we üçünji orna Lebap welaýatynyň keşdeçi zenanlary mynasyp boldular. Ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.

Merjen SUMBAROWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
Türkmenistanyň ulag syýasatynyň esasy ugurlary
Türkmenistanyň iň gowy sürüjisi kesgitlenildi
Himiýa dersi boýunça III Halkara olimpiadasy
6-njy oktýabr Hatyra güni