Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar

Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar

Batuminiň deňiz portunda Merkezi Aziýa ýurtlary — Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda öndürilen granulirlenen karbamidleri daşamak üçin mineral dökünleri multimodal terminal açyldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr Azerbaýjanyň Report saýtyna salgylanyp habar berýär.

Saýt Türkmenistanda, Özbegistanda we Gazagystanda ýylda jemi 6,6 million tonna dökün öndürilýändigini belleýär. Habarda Türkmenistanda Hazar deňziniň günorta böleginde golaýda işe girizilen dökünleri öndürýän Garabogazkarbamid zawodynyň ýylda 1,2 millon tonna golaý karbamid çykarýandygy, onuň 90% -den gowragynyň eksport edilýändigi nygtalýar.

Batumi portunyň täze terminalynyň ýylda 1,5 million tonna mineral dökünleri gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bar. Merkezi Aziýada öndürilýän önümler Azerbaýjanyň üsti bilen Batumä getirilip, ol ýerdenem ABŞ-daky, Ýewropadaky, Afrikadaky we Awstraliýadaky sarp edijilere ugradylýar.

Bilermenler pandemiýadan soňky döwürde mineral dökünlere islegiň has artjakdygyny çak edýärler, çünki dünýäde oba hojalyk we azyk önümlerine isleg ýokarlanýar.

Ýene degişli makalalar

Batumide Türkmenistandan, Özbegistandan we Gazagystandan gelýän dökünleri geçirýän terminal açyldy
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
HAZAR DEŇZI GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEGI IŞJELEŞDIRMEK DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda gazanylan üstünlikler beýan edilýär
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy