Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde ýerleşýän “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhanasynyň durkuny täzelemek we düýpli abatlaýyş-bejeriş işlerini geçirmek tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli kaolin önümhana daşary ýurtlaryň esasy önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary hem-de tehnologiýalary bilen üpjün edilip, bu ýerde 70-den gowrak täze iş orunlary dörediler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Kaolin Türkmenistanda hereket edýän önümçilikleriň birnäçesinde, hususan-da, keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylyp, önümhanada öndürilýän önümi içerki bazarda ýerlemek we daşary ýurtlara ibermek meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, kuwwatly senagat toplumyny, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýän gurluşyk senagatyny döretmegiň wajypdygyna ünsi çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde birnäçe meselelere garaldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.