Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler

Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler

Türkmen azyk öndüriji hususyýetçileri 5 9-njy fewral aralygynda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilýän “Prodekspo-2024” azyk önümleriniň we içgileriň halkara sergisine gatnaşýarlar.

Sergide “Ak ýol miwe içgileri” we “Ýüpekçi” kärhanalary Türkmenistanda öndürilen alkogolsyz miwe içgilerini we miwe şirelerini hödürleýärler. Konditer önümleri bilen bolsa “Ak gar”, “Altyn Ýunus”, “Balam”, “Bars”, “Täze Aý” ýaly türkmen kärhanalary köp dürli önümleri bilen çykyş edýärler.

“Prodekspo-2024” sergisi Russiýada we Gündogar Ýewropada azyk önümleriniň we içgileriňiň iri halkara sergisidir. Sergide azyk harytlary, ýagny gündelik sarp edilýän esasy önümler, içgiler, datly nygmatlar, türgenler üçin iýmitler, organiki we halal önümler, tropiki miweler görkezilýär. Bu sergi dünýäniň 40 ýurdundan 2 müň 145 gatnaşyjyny bir ýerde jemledi.

Türkmen hususy azyk öndürijileri 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen “Foodeх Saudi” 10-njy halkara azyk önümleriniň we alkagolsyz içgileriň söwda sergisinde we Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen “WorldFood Moscow 2023” azyk sergisinde öz önümlerini hödürlediler.

Ýene degişli makalalar

“Altyn Ýunus” Wýetnamda geçirilen “Foodexpo 2024” sergisine gatnaşdy
TSTB-niň agzalary Food Stambul Expo 2023 halkara sergisine gatnaşarlar
Ýewropaly arheologlar Türkmenistandaky gadymy Marguşyň gazuw-agtaryş işlerine täzeden girişerler, Aşgabatda Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bellenildi, Gülnäz Rozykulowanyň eserleriniň ýubileý sergisi açyldy we beýleki habarlar
Türkmen telekeçileri Dubaýdaky “Gulfood 2024” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdylar
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi