Türkmen-italýan iş toparynyň medeni hyzmatdaşlyk boýunça duşuşygy geçirildi

Türkmen-italýan iş toparynyň medeni hyzmatdaşlyk boýunça duşuşygy geçirildi

21-nji aprelde onlaýn aragatnaşygy arkaly türkmen-italýan iş toparynyň medeni hyzmatdaşlyk boýunça 1-nji duşuşygy geçirildi. Ol Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowyň oktýabr aýynda Italiýanyň Medeniýet ministriniň diplomatiýa işleri boýunça maslahatçysy bilen geçiren duşuşygynyň dowamyna öwrüldi.

Duşuşykda Italiýanyň wekilleri hökmünde medeniýet ministriniň orunbasary Wirto D’Adamonyň ýolbaşçylygynda Italiýanyň Medeni miras, medeniýet işi we syýahatçylyk ministrliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň adyndan bolsa medeni we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri çykyş edip, oňa ýurduň Medeniýet ministriniň orunbasary ýolbaşçylyk etdi.

Ikitaraplaýyn bähbitli geçen duşuşygyň temasy taryhy ýerleri we medeni gymmatlyklary gorap saklamak, arhiw işinde, gymmatlyklary dikeltmekde hem-de milli mirasyň sungat eserlerini bejermekde tejribeleri alyşmak bilen bagly bolup, ÝUNESKO-nyň maksatnamalarynyň çäklerinde medeniýet we ylym pudagynda türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Mundan başga-da, geljekde özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde arheologlar we gaýtadan dikeldiji hünärmenler üçin onlaýn-seminarlary hem-de taýýarlyk okuwlaryny guramak, wokalistler we aýdymçy-sazandalar üçin Türkmenistanyň hem-de Italiýanyň milli saz gurallarynda ýörite okuwlary, şeýle-de Italiýanyň muzeýleriniň birinde türkmenleriň bürünç asyryna degişli ýadygärliklerini, Gadymy Merwiň we Parfiýanyň gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergileri geçirmek barada bellenildi.

Ýene degişli makalalar

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Italiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda täze wezipä bellenildi
Türkmenistan BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan Kipr Respublikasyna ilçi belledi
Wenesiýada Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan bilen Italiýa hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistan we Italiýa ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çäreleri guramagy maslahatlaşdylar