Türkmen-ispan hyzmatdaşlygy: Saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagy boýunça pikir alşyldy

Türkmen-ispan hyzmatdaşlygy: Saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagy boýunça pikir alşyldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Ispaniýanyň 11 sany kompaniýasynyň we 20-ä golaý ministrliginiň wekillerinden ybarat işewür wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary dowam edýär.

Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen Sercobe kärhanasynyň müdiri jenap Hektor Rodrigesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada HHM habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş we lukmançylyk pudagyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlary barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem jenap Hektor Rodriges, çylşyrymly senagat taslamalaryny ösdürmekde uly tejribesiniň bardygyny belläp geçdi.

Ispan wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň 20-ä golaý ministrliginiň we müdirliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň yzygiderlilikde geçirilýändigini bellemelidiris.

Ýene degişli makalalar

Perunyň täze Premýer ministri wezipesinden çekildi
FIFA 2018 Dünýä çempionatyna tarap AFRIKANYŇ ILKINJI WEKILI
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Argentinadan 4, Ispaniýadan 3 tälimçi
ÝEWROPADA 1-nji,DÜNÝÄDE 2-nji
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR