Türkmen işewürleri üpjünçilik zynjyrlary boýunça Hytaýda geçiriljek iri sergä çagyrylýar

Türkmen işewürleri üpjünçilik zynjyrlary boýunça Hytaýda geçiriljek iri sergä çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Pekin şäherinde geçiriljek Üpjünçilik zynjyrlary boýunça ilkinji halkara sergä (CISCE) gatnaşmaga çakylyk aldylar.

TSTB-niň sişenbe güni habar bermegine görä, 2024-nji ýylyň 26 30-njy noýabry aralygynda geçiriljek abraýly çärä gatnaşmak üçin çakylyk Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasyna iberildi.

Dünýände ilkinji üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşen milli sergisi hökmünde görkezilýän CISCE çäresi Pekiniň Halkara Sergi Merkeziniň geçirler.Onda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berler.

Sergi “akylly” ulag, öňdebaryjy önümçilik, “ýaşyl” oba hojalygy, energetika, sanly tehnologiýalar we sagdyn durmuş ýörelgeleri ýaly esasy alty bölümi özünde jemlär. Sergini guraýjylar gatnaşyjylar üçin şahsy tanyşdyryş gezelençleriň we aňrybaş hyzmatlaryň hödürlenjekdigini aýdýarlar.

“Umumy geljek üçin dünýäni birleşdirip” ady bilen 2023-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen “CISCE” sergisi ýokary halkara gyzyklanma eýe bolup, 55 ýurtdan 515 kompaniýany we guramany bir ýere jemledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen telekeçileri Pekinde geçiriljek iri awtoulag sergisine çagyrylýar
Türkmenistan Hytaýyň abraýly awtoulag sergisine çagyryldy
Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek halkara sergilere çagyryldy
Türkmen kompaniýalary Hytaýda geçiriljek uly söwda sergisine çagyrylýar
KIBERone we AMAkids-den tomusky teklip: islendik okuwda 20% arzanladyş
Türkmen telekeçileri Ýewraziýa ýeňil senagat sergisine gatnaşmaga çagyrylýar