Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Hytaýyň Guançžou şäherinde geçiriljek 135-nji “Canton Fair” Halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyrylýar.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň penşenbe güni habar bermegine görä, bu çäre 2024-nji ýylyň 15- aprelinde başlap 5-nji maýyna çenli dowam eder.
Ýakynda geçiriljek ýarmarkada elektrik, durmuş enjamlary, yşyklandyryş ulgamyna, maşyn gurluşygyna degişli enjamlar we gurluşyk tehnikalar, şeýle hem oba hojalygyna degişli tehnikalar ýaly köp sanly önüm görkeziler.
Mundan başga-da interýer üçin harytlar, keramika önümleri, sagatlar gurluşyk materiallary, mebel, dokma önümleri, egin-eşik, azyk önümleri, sport we lukmançylyk enjamlary sergä çykarylar.
Türkmenistan işewür toparlarynyň wekilleri 2023-nji ýylyň 5-10-njy noýabrynda Şanhaý şäherinde geçirilen Hytaýyň import harytlarynyň 6-njy halkara sergisine gatnaşdy.