Türkmen işewürleri Dubaýda geçiriljek organiki önümleriň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen işewürleri Dubaýda geçiriljek organiki önümleriň sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly hususyýetçiler şu ýylyň 18 20-nji noýabry aralygynda Dubaýda geçiriljek Middle East Organic & Natural Products Expo 2024 atly tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine gatnaşmaga çagyrylýar.

Türkmenistan: Altyn asyr neşiriniň habar bermegine görä, sergi Ýakyn Gündogarda organiki we tebigy önümleriň lomaý we bölek satuw söwdasy üçin öňdebaryjy platforma bolup, her ýyl Bahreýnden, Omandan, Katardan, Eýrandan, Saud Arabystanyndan, Müsürden, Kuweýtden, Demirgazyk we Günorta Afrikadan, Hindistandan, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginden köp sanly gatnaşyjylary we myhmanlary özüne çekýär.

Şeýlelikde, Middle East Organic & Natural Products Expo 2024 halkara sergisi organiki we tebigy önümleri mahabatlandyrmak, üpjün edijiler we alyjylar bilen ylalaşyklary gazanmak üçin uly mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Has giňişleýin maglumat bilen serginiň saýtynda tanyşyp bilersiňiz.

Sergä gatnaşmaga isleg bildirýänler şu aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler:

(+99312) 21-23-75;

(+99312) 21-23-64.

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary Dubaýdaky tebigy we organiki önümleriň halkara sergisine çagyrylýar
24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Türkmen-özbek işewürler maslahaty
Coca-Cola çärýekleýin arassa girdejisini 14% ýokarlandyrdy
ТУРКМЕНО-ТАТАРСТАНСКИЙ БИЗНЕС-ФОРУМ
Türkmen gazynyň Hytaýa eksporty artsa-da, girdejisi peseldi