Türkmen işewirleri myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar

Türkmen işewirleri myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar

Özbegistanyň Myhmanhanalar birleşigi türkmen işewürlerini 2024-nji ýylyň 8-10-njy oktýabry aralygynda Daşkentde geçiriljek HORECA Uzbekistan atly ilkinji halkara sergisine gatnaşmaga çagyrýar.

Özbegistan Respublikasynyň Syýahatçylyk komitetiniň goldawy bilen guraljak bu çäre myhmansöýerlik işewürliginde gazanylan üstünlikleri görkezmek we işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp platforma bolar.

Sergi Özbegistandan hem-de daşary ýurtlardan myhmanhana we restoran işewürliginiň öňdebaryjy wekillerini bir ýere jemlär.

Serginiň maksatnamasy şulary öz içine alýar:

Serginiň bölümleri içerki dizaýny we hünär enjamlaryndan başlap, awtomatlaşdyryş we howpsuzlyk ulgamlaryna çenli köp sanly temany öz içine alýar.

Çäräniň çäginde 8-nji oktýabrda myhmanhana işewürliginde ýaşyl tehnologiýalara we sanlylaşdyrmaga bagyşlanan maslahat geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Ýene degişli makalalar

Türkmen kompaniýalary myhmanhanalaryň halkara sergisine çagyrylýar
Türkmen işewürleri Özbegistanda geçiriljek sergä çagyrylýar
23-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Owadan Ülke” kompaniýasy Özbegistandaky sergide öz önümleri bilen tanyşdyrdy
Türkmenabatda “Made in Uzbekistan” atly sergi açyldy
Hiliň ýeňşi: Owadan Ülke FoodWeek Uzbekistan 2024 halkara sergisinde abraýly sylaga eýe boldy