Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbamämmet Elýasow Ýaponiýanyň daşary işler ministrliginde hanym Takako Suzuki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köp ýyllyk gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak barada pikir alyşdylar.Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni we ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklar alnyp barylýar.
Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň gün tertibinde Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär, bilelikde birnäçe taslamalar amala aşyrylýar, maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça yzygiderli gepleşikler geçirilýär.Mysal üçin, şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy işe girizildi.
Bu taslama Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Mitsubishi Power Ltd, Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.
Taraplar duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek bilen bagly meselelere ünsi çekdiler.