Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär

Türkmen ilçisi: Türkmenistan Kamboja göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär

Türkmenistan Kamboja Patyşalygynda ýerleşýän täze Siem Reap-Angkor Halkara howa menziline göni uçuşlary amala aşyrýan Merkezi Aziýada ilkinji ýurt bolmagy maksat edinýär diýip, Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow aýtdy. Bu barada “Cambodianess” internet neşiri sişenbe güni habar berdi.

Oturýan ýeri Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäheri bolan ilçi Muhammetnyýaz Maşalow duşenbe güni Kambojanyň Patyşasy Norodom Sihamonia ynanç hatyny gowşurdy we syýahatçylyk pudagynda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurduň Syýahatçylyk ministri Thong Khon bilen duşuşdy.

“Türkmenistanyň hökümeti Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň syýahatçylarynyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasynyň (ASEAN) esasy syýahatçylyk mekany we dünýä mirasy bolan Siem Reaba baryp görmekleri üçin göni uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär” diýip, Muhammetnyýaz Maşalow aýtdy.

Şeýle hem habarda türkmen tarapy Kambojanyň syýahatçylyk mümkinçiligini göz öňünde tutup, saparlary artdyrmak maksady bilen gatnaşyklary berkitmäge çalyşýandygy bellenilýär.

Türkmen ilçisiniň aýtmagyna görä, ol Kamboja amala aşyrýan saparynyň dowamynda Siem Reaba, şol sanda meşhur Angkor Wat we köp sanly syýahatçylary özüne çekýän möhüm taryhy ýadygärlikler bolan beýleki ybadathanalara baryp görmegi meýilleşdirýär.

Kambojanyň Syýahatçylyk ministri Thong Khon syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy goldady we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge goşant goşjakdygyny nygtady. Şeýle-de ministr syýahatçylyk hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly bilelikdäki hereket meýilnamalarynyň ýol kartasy hökmünde Özara düşünişmek Ähtnamany işläp düzmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, ilçi Muhammetnyýaz Maşalow syýahatçylyk agentliklerine degişli syýahatçylyk ugurlary tanyşdyrmak hem-de has köp milli we halkara syýahatçylary çekmek maksady bilen Kambojada we Türkmenistanda syýahatçylyk ýarmarkalaryny guramagy teklip etdi.

Kamboja Patyşalygynyň Syýahatçylyk ministrliginiň hasabatyna görä, 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Kamboja 2,58 million daşary ýurtly syýahatçylary kabul etdi we ýurda ýylyň ahyryna çenli takmynan 5 million daşary ýurtly syýahatçylaryň gelmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
ABŞ-nyň we Hytaýyň Goranmak ministrleri duşuşyk geçirdiler
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Türkmenistan we Kamboja syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Kamboja 4 million origami-ýüregi bilen dünýä rekordyny täzeledi