Türkmen ilçisi Tretýakowsk galareýasynyň direktory bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Tretýakowsk galareýasynyň direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Tretýakowsk galareýasynyň direktory Ýelena Proniçýewa bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen-rus medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi, şeýle hem 2026-njy ýylda Tretýakowsk galareýasynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň sergisini guramak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy habar berýär.

Söhbetdeşler özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Tretýakowsk galareýasynyň we Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda geňeşmeleri guramak teklibi beýan edildi.

Türkmen diplomaty şeýle hem “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek bilen bagly geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

19-njy fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ MEDNIÝET MINISTRINIŇ ORUNBASARY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYGY
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy
Moskwadaky Döwlet Gündogar muzeýinde Babasary Annamyradowyň şahsy sergisi açyldy
II Halkara çagalar medeni forumy
Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan