Türkmen ilçisi Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli ÝB—Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmen ilçisi Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli ÝB—Merkezi Aziýa dialogynyň mejlisine gatnaşdy

13-nji iýunda Gazagystanyň Astana şäherinde Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Astana şäherindäki ilçisi gatnaşdy diýip, Gazagystanyň DIM-i we ÝB-niň Gazagystandaky wekilligi habar berýär.

Duşuşyga Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň adyndan daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdy. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine bolsa Syýasy meseleler boýunça Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora ýolbaşçylyk etdi.

Ýaňy-ýakynda — 2-nji iýunda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň we Ýewropa Geňeşiniň Prezidentiniň ikinji ýokary derejeli sebitleýin duşuşygy geçirilip, ol Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda sebitara hyzmatdaşlygyň ýeten täze derejesini görkezdi.

Ýokary derejeli syýasy we howpsuzlyk dialogy Ýewropa Bileleşigine Merkezi Aziýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ähli tagallalary goldamaga taýýardygyny tassyklamaga mümkinçilik berdi.

Mejlise gatnaşanlar terrorçylyga garşy göreş we zorlukly ekstremizm, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we serhet dolandyryşy ýaly birnäçe möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar we bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryna garadylar. Bu ugurlarda ÝB bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bilelikdäki tagallalary birleşdirmek kararyna gelindi.

Dialogyň dowamynda gatnaşyjylar şu güýzde geçiriljek ministrler derejesindäki ÝB—Merkezi Aziýa duşuşygyna taýýarlyk barada hem pikir alyşdylar. Duşuşyk umumy howpsuzlyk meseleleri, özara arabaglanyşyk, ykdysadyýet we söwda, daşky gurşaw meseleleri, suw serişdeleri we howa, bilim, ylym we innowasiýa boýunça sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik döreder.

Ýeri gelende bellesek, Syýasy we howpsuzlyk meseleleri boýunça ýokary derejeli Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa dialogy ilkinji gezek 2013-nji ýylda Brýusselde geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Albaniýa, Portugaliýa we Filippinler respublikalarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
Gülşat Mämmedowa Kubanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanda Panama Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Soňky çempiony uly hasap bilen ýeňdi
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
PSŽ 2 ýyldyz futbolçyny transfer etdi