18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi O.Çaryýew bilen Saud Arabystanynyň medeniýet ministriniň orunbasary Fahad Abdulrahman Alkanaanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda medeniýet we sungat pudaklarynda ikitaraplaýyn türkmen-saud gatnaşyklaryny has-da ösdürmek babatdaky meseleler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin pikir alşyldy.