Türkmenistanyň Belgiýadaky, Niderlandlar Patyşalygyndaky we Lýuksemburg Beýik Gersoglygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sapar Palwanow çarşenbe güni Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.
Türkmen diplomaty wagt tapyp kabul edendigi üçin Niderlandlaryň Patyşasyna hoşallyk bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Ikiçäk duşuşygyň dowamynda Sapar Palwanow Türkmenistanyň Hökümetiniň özüni Niderlandlar Patyşalygyna Ilçi bellemek bilen, iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gatnaşyklary has-da giňeltmäge we berkitmäge bolan islegini beýan etdi.
Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň mähirli salamy hem-de gowy arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, Niderlandlar Patyşalygynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Niderlandlaryň Patyşasy we türkmen ilçisi özara ykdysady hyzmatdaşlygyň hilini täze, ýokary derejä çykarmaga iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, bu ugurda öz goşantlaryny goşjakdyklaryny mälim etdiler.
Şeýle hem taraplar söwda-ykdysadyýet, energetika, oba hojalyk, sanly ulgam ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy belläp geçdiler.Patyşa Willem-Aleksandr Gollandiýada ýokarda agzalan ugurlar boýunça iri, ösen kompaniýalaryň bardygyny we olaryň türkmen bazaryna gyzyklanma bildirjekdiklerini aýtdy.
Mundan başga-da, duşuşykda Patyşa Willem-Aleksandr ulag-logistika nukdaý nazardan Türkmenistanyň amatly ýerde ýerleşýändigini, Merkezi Aziýa we Ýewropa sebitlerini birikdirmekde esasy geçelge bolup hyzmat edip biljekdigini nygtady.
Türkmen diplomaty öz gezeginde geljekde iki ýurduň işewür toparlaryny bir ýere jemläp biljek hyzmatdaşlyk formatyny işläp düzmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Patyşa Willem-Aleksandr we ilçi Sapar Palwanow Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça geljekde-de has gülläp ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Suratlar: Jeroen van der Meyde