Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Awstriýadaky ilçileri bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Awstriýadaky ilçileri bilen duşuşdy

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Awstriýadaky ilçileri Awstriýanyň Federal ýeriniň Ştiriýa (Steiermark) — Graz şäherine baryp gördüler diýip, Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Sapara Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow hem gatnaşdy.

Bu sapar Awstriýanyň The eee group GmbH kompanýasynyň dolandyryjy müdiri Stefan Dýussyň goldawy bilen guraldy.

Ilçiler saparyň dowamynda Graz şäheriniň häkimi hanym Elke Kar, Ştiriýa federal ştatynyň gubernatory Kristofer Dreksler bilen duşuşdylar we Grazyň Tehniki uniwersitetine, Graz uniwersitetine baryp gördüler hem-de bu ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ilçilere Ştiriýadaky iri senagat kompaniýalarynyň wekilleriniň prezentasiýasy görkezildi.

Ştiriýanyň gubernatory bilen geçen duşuşykda diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Merkezi Aziýa döwletleriniň Awstriýadaky ilçileriniň her ýyl Grazda Merkezi Aziýa — Stiriýa sebitleýin işewürlik forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdiler we munuň hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. Şeýle forum ilkinji gezek 2022-nji ýylyň iýunynda geçirilipdi.

Ştiriýa ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşip, ol Awstriýanyň ikinji uly federal ştatydyr. Sebitiň paýtagty Graz Wenadan soň ikinji orunda durýar. Sebitde ösen senagat, önümçilik we oba hojalygy infrastrukturasy bar.

Ýene degişli makalalar

London we Riodan soň Parižde-de altyn medala mynasyp boldy
Aşgabatda Boliwar Wenesuela Respublikasynyň täze bellenen ilçisi kabul edildi
Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlary kesgitlenildi
Dubaýda Skift-East halkara forumy başlady
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary