Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

Türkmen ilçisi “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” forumynyň taýýarlyk maslahatyna gatnaşdy

2024-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisine gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Sekretariatyň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalary, ýagny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň Demirgazyk-Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça býurosynyň baş direktory, şu ýylyň güýzünde Seulda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 17-nji mejlisi bilen bagly guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna seretdiler.

Aýdylanlara goşmaça, “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariatynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň býurosynyň baş direktorynyň şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň Parlament ýolbaşçylarynyň 2-nji duşuşygy bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny bellemek gerek.

Çeşme: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy

Ýene degişli makalalar

Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi
Stambulda multimodal ýük daşamalary we logistika boýunça halkara forum geçiriler
Türkmenistanyň Ilçisi tegelek stoluň işine gatnaşdy
TDG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi
Türkmen wekiliýeti BGG-niň Hemişelik Tehniki komitetiniň sessiýalaryna gatnaşdy
Türki döwletleriň guramasynyň ýubileý X sammitinde 12 sany resminama gol çekildi