Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi student gyzlaryň jinsi balak, ýubka geýmegini we oglanlaryň sakgal goýbermegini gadagan etdi.Bu barada Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň ençemesi habar berýär. “Fewral aýynyň başynda biziň okaýan ýokary okuw jaýymyza türkmen ilçisi Nazarguly Şagulyýew geldi. Şonda meniň kursdaş gyzlarymyň biri ilçä biziň plastik bank kartlarymyzdan puly nagtlaşdyryp bolmaýandygyny we bu bökdençlikleriň haçan soňuna ýetiljekdigini sorady. Şondan soň ol biziň şahsy durmuşymyza degişli zatlara gadagançylyk girizip başlady” diýip, Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde habarlaşan türkmen studenti 10-njy aprelde gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, bu soragdan soňra ilçi studentleri bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyryp, Türkmenistandaky ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna yzyna ibermekde we ol ýerde walýutanyň “gara bazarynda” çalyşmakda aýyplady.Minsk döwlet lingwistika uniwersitetiniň studenti özlerine ene-atalarynyň ugradýan pulunyň iýjek çöregine zordan ýetýändigini, sebäbi diňe umumy ýaşaýyş jaýy üçin tölegleriniň ortaça 20 amerikan dollaryna barabardygyny aýdýar. “Ilçi bize klublara we restoranlara az gitmelidigimizi hem aýdyp başlady.
Gyzlara jinsi balak, ýubka ýa-da şoňa meňzeş zatlary geýmegi gadagan etdi.Student oglanlara sakgal goýbermezligi tabşyrdy.Sakgal goýberen oglanlaryň terroriste meňzeýändigini aýtdy.KGB-niň işgärleri metjitlere yzygiderli gözegçilik edýärler.
Olar metjide haýsy studentleriň gelip-gidýändigini barlaýarlar” diýip, Belarusda okaýan türkmen studenti belledi.Galyberse-de, student häzirki wagt ekzamenlerden geçip bilmedik studentleriň dessine Belarusdan deport edilýändigini we Türkmenistanda harby gulluga alnyp gidilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.Bu aralykda, şuňa meňzeş duşuşygy Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň wekilleri bilen bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen studentleriniň arasynda hem geçirilendigi habar berilýär. “Hronika Türkmenistan” neşiriniň 4-nji aprelde çap eden maglumatyna görä, Nowruz baýramyndan bir gün öň Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda türkmen resmileri bu ýurtda okaýan studentleriň arasyndan özlerine maglumat ýygnap biljek ýaşlary toplamaga synanyşypdyr. “Bu duşuşyga dürli uniwersitetlerde okaýan jemi 45 student, şol sanda 30 oglan we 15 gyz çagyryldy.
Nowruz baýramy mynasybetli baýramçylykly çäräniň geçirilmegine derek, ilçihana işgärleri türkmen studentleriniň özlerini alyp baryşlaryna bagyşlanan ýygnak geçirdiler” diýip, neşir habar berýär.Aýdylmagyna görä, bu duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň konsuly Myrat Akmämmedow we ilçihananyň Guwanç atly işgäri çagyrylanlary türkmenistanly studentleriň, hususan-da öz hasaplaryna okamaga gelenleriň edýän hereketlerine berk gözegçilik etmäge çagyrdylar. “Mümkin bolan habar berijileriň öňünde ildeşleri hakynda maglumat toplamak, olaryň boş wagtlarynda näme bilen meşgullanýandygyny anyklamak, dostlary bilen haýsy meseleler barada pikir alyşýandyklaryny, sosial ulgamlardaky haýsydyr bir toparlara goşulýandyklaryny, syýasat bilen gyzyklanyp-gyzyklanmaýandyklaryny, internetde haýsy saýtlara girýändiklerini bilmek wezipesi goýuldy. “Türkmenistanyň gülläp ösmegine we hormatly prezidentiň syýasatyna garşy” ters pikir aýdýanlara aýratyn üns bermek tabşyryldy” diýlip, habarda aýdylýar.
Maglumat berijileri höweslendirmek üçin $100 möçberinde pul sylagy, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty wada berildi diýip, neşir ýazýar.Azatlyk Radiosyna bu maglumaty başga garaşsyz çeşmeler esasynda tassyklap bilmedi. Şeýle-de, bu barada Türkmenistanyň Ankaradaky ilçihanasyndan hem kommentariýa alyp bolmady.
Türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentleriň şahsyýetlerini hem-de olaryň näme bilen meşgullanýandygyny anyklamak synanyşyklary barada Azatlyk Radiosy mundan öň birnäçe, iň soňky gezek geçen ýylyň sentýabrynda maglumat taýýarlapdy. Şu aýyň başynda bolsa, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň harby bölümleriniň işgärleriniň daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlaryň ene-atalaryna jaň edip, olaryň harby gulluk borjuny ýerine ýetirmegi üçin ýurda dolanmagyny talap edýändigini habar beripdi.