31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Tbilisi şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar yzygiderli syýasy dialoga, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga, energiýa we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga, şeýle-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösýändigini bellediler.
Diplomatlar parlamentara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky dialogyň ähmiýetini nygtadylar.
Ilçi Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygarynyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýlip atlandyrylandygyny we şu ýyl Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde dabaraly ýagdaýda bellenilýändigini habar berdi.
Taraplar akyldar şahyryň durmuşyna we döredijiligine bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de şeýle çäreleriň dostlukly gatnaşyklary we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky düşünişmegi has-da pugtalandyrjakdygyny bellediler.