Türkmen ilçisi Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri bilen duşuşdy

4-nji iýunda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Georgiý Amilahwariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar ylym, bilim we ýaşlar syýasaty ýaly ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de bilelikdäki taslamalary, maksatnamalary taýýarlamak, Türkmenistanda we Gruziýada geçirilýän halkara olimpiadalara, konferensiýalara, seminarlara we beýleki çärelere mekdep okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynyň hem-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekmek meselelerine garaldy.

Amilahwari ylmy-bilim pudagy döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy. Şeýle hem ol, bu ugurdaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň dostlugyny berkidýändigini we özara düşünişmegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde çykyş edýändigini belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Gruziýa bilim ulgamynda bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy maslahatlaşdylar
Saýlawlaryň soňky netijeleri mälim edildi
Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär
Tbiliside türkmen kinosynyň günleri badalga aldy
Türkmenistan bilen Gruziýa söwda-ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meselelerine garadylar
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklyk maslahatlaşyldy