8-nji oktýabrda Afiny şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekow Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Katerina Sakellaropuluwa Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) hökmünde ynanç hatyny gowşurdy.
Dabarada Gresiýa Respublikasynyň döwlet Baştutany türkmen diplomatyndan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi. Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebit we halkara derejesinde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki möhüm goşandyny aýratyn belläp geçdi.
Ilçi T.Kömekow hem öz gezeginde Gresiýa Respublikasynyň Prezidentine we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidentiniň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gresiýa Respublikasynyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Türkmen diplomaty Gresiýa Respublikasyna iş saparynyň dowamynda ýurduň DIM-iniň Protokol bölüminiň başlygyna ynanç hatynyň nusgalaryny hem gowşurdy. Şeýle-de Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Papadolu bilen duşuşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdy.