25-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Hytaý Halk Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklar, hususan-da, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.Munuň özi ylym ulgamyny kämilleşdirmek hem-de bu ugurda özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
Forumyň gün tertibine ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige işjeň ornaşdyrmak, halkara ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen bagly meseleler giriziler. Şeýle hem forumda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar boýunça türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň dünýä döwletleri, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.Döwlet Baştutanymyz Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek hakynda Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.