
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisde türkmen wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, HHR-nyň wekiliýetine bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Mejlisiň netijeleri boýunça şu aşakdaky resminamalara gol çekildi: