Türkmen hususyýetçileri geçen ýyl eksport bazaryndaky ýerini has-da giňeltdiler

Türkmen hususyýetçileri geçen ýyl eksport bazaryndaky ýerini has-da giňeltdiler

Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen, söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegi netijesinde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport edilýän möçberi artýar ― diýlip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Senagat we himiýa önümçiligi bölüminiň Rysgal gazetinde çap eden makalasynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary 2020-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda senagat önümleriniň uly tapgyryny eksport edip, ýurdumyza gelýän daşary ýurt pulunyň mukdaryny artdyrmaga mynasyp goşant goşdular.Olaryň eksport harytlarynyň hatarynda ýurdumyzda öndürilen polipropileni we polietileni gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan önümler uly orun tutýar.

Geçen ýylda Türkmen şöhle, Uly çynar, Altyn saraý, Emirlik, Saka, Läle plastik, Kämil gurujy hojalyk jemgyýetleriniň dürli görnüşli plastmas önümleri, PET gapaklary, PP haltalarydyr haltalyk matalary, plastik turbalary, polietilen torbalary eksport edildi.

Bu babatda Ýelken, Türkmen zamany, Sabyrly ussat, Eşretli kenar, Safa, Parfiýa, Üç nesle dowamat, Haýyrly pursat, Lälezar zaman hususy kärhanalarynyň, telekeçiler Serdar Mämmetniýazow bilen Rasuljan Rejepowyň gazanan görkezijileri hem guwandyryjydyr.

Olaryň basyşly turbalary, PP haltalarydyr haltalyk matalary, PET übtükleri (flakes), polietilentereftalat önümleri, polietilen torbalary, polipropilen sapaklary, polimer önümlerden gurluşyk harytlary uly islege eýe boldy.

Ýurdumyzyň iri eksport edijileriniň hatarynda Abadan haly açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Ol geçen ýylda daşarky bazarda 37,5 müň inedördül metrden gowrak haly, 1770 tonnadan gowrak multifilament ýüplük ýerledi. Sintetik halylary eksport edenleriň biri-de Muhammet-Balkan hojalyk jemgyýetidir. Onuň ugradan halylarynyň umumy meýdany 8,5 müň inedördül metre golaýdyr.

Ýurdumyzda öndürilen sanfaýans önümlerine isleg barha artýar. Munuň şeýledigini geçen ýylda Derýaplastik hojalyk jemgyýetiniň bu önümleriň 86,5 müňden gowragyny goňşy ýurtlara ugratmagy hem tassyklaýar. Bu kärhanada öndürilen plastik turbalardyr olaryň seplerine (fitingler) hem köp sanly sargytlar gelip gowuşýar.

Bulardan başga-da, Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda Toprak hojalyk jemgyýetiniň karton we kagyz önümlerini, Türkmen ojagy hususy kärhanasynyň regenerirlenen süýümini, Kökçi hojalyk jemgyýetiniň akkumulýatorlaryny daşary ýurtly müşderilere ýetirmegi eksport ugurly harytlaryň görnüşleriniň barha artýandygyndan habar berýär.

Dokma senagaty hakynda aýdylanda, geçen ýyl Türkmen senet hojalyk jemgyýetiniň matalarynyň 22 müň 325 inedördül metri, Batly Gadam hususy kärhanasynyň nah ýüplügi, joraplarynyň 311 müň jübüdi, telekeçi Serdar Annakowyň jorap önümleriniň 1 million 39 müň jübüdi eksporta ugradyldy.

Ýurdumyzda öndürilen gön we gön önümleri, aýakgaplar hem dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydyr. Olaryň hatarynda Röwşen hususy kärhanasynyň aýakgaplary, Maksat Deri açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň iri we ownuk şahly mallaryň derisinden ýarym taýýar önümleri, telekeçi Aýhan Rejepowanyň aýakgaplary bolup, hususy önüm öndürijileriň eksport harytlarynyň üstüni ýetirýär.

Arassaçylyk serişdelerini öndürijilerden Türkmen berk metal, Şatumar hususy kärhanalarynyň önümleri daşarky bazarlarda ýerlendi.

Eksport ugurly önümleriň sanawynda Mizemez gadam, Berk gerden hususy kärhanalarynyň izogam, bitum mastika önümleri, Synmaz nesil hususy kärhanasynyň gidroizolýasiýa bitum mastikasy, mis erginlerinden bezeg uçluklary, Ak gaýa hojalyk jemgyýetiniň gipsokartony, gury gurluşyk garyndylary, Ak hünji hususy kärhanasynyň penopolistiroldan bezeg önümleri ýokary hilli gurluşyk harytlarydyr.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Birleşme eksport kärhanasynyň ýurdumyzyň telekeçileriniň öndüren önümlerini halkara bazarlara çykarmaga ýardam etmek maksady bilen, eksport boýunça marketing we hukuk maslahatlaryny bermegi, şeýle-de ýurdumyzda ulag işi bilen meşgullanýan kärhanalara we telekeçilere goldaw bermek maksady bilen, ulag hyzmatlaryny amala aşyrmagy öz miwelerini berýär.

Ýene degişli makalalar

Durdy Baýramow adyndaky kafe-galereýa: sungat bilen gastronomiýanyň utgaşýan ýeri
TÝL ― 2022: 25-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 24-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 23-nji tapgyra badalga berildi
TÝL ― 2022: Aşgabat güýçli garşydaşdan üç utuk aldy
TÝL ― 2022: 22-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler