Türkmen hünärmenleri BMGÖM tarapyndan işlenip düzülen uzak aralykdan ders bermegiň esaslary boýunça täze usuly gollanma bilen tanyşýarlar.
Gollanmanyň tanyşdyrylyş dabarasy BMGÖM bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň bilelikde amala aşyrýan taslamasynyň çäginde geçirildi. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.
BMGÖM-niň halkara geňeşçisi Myrat Çoşanowyň geçirýän bu çäresine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň bilim pudagynyň wekilleri mundan beýläk ýurduň bilim gurşawyna girizilmegi üçin üç günüň dowamynda gollanmany synagdan geçirerler. Türkmen hünärmenleri ders bermek işinde uzak aralykdan okatmagyň has çeýeligi üpjün edýän, interaktiw täsirleşmegi höweslendirýän we talyplaryň özbaşdak işini güýçlendirýän ýörelgeleridir artykmaçlyklary bilen tanyşarlar.