Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’

Türkmen hünärmenleri TOPH taslamasynyň owgan böleginiň gurluşygyna iberilip başlandy’

“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky bir ýerli kärhana Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna türkmen hünärmenlerini we işçilerini iberip başlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berýär.

Müňlerçe işgär, şol sanda nebitgaz hünärmenleri, gaz turbalaryny kebşirleýjiler we işçiler TOPH gaz geçirijisiniň owgan bölegini gurmak üçin üç aý möhlet bilen Owganystana iberilýär diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Balkanabatly birnäçe gaz hünärmenlerine görä, işgärler gysga wagtyň içinde Owganystana alnyp gidilýär we olardan biometriki pasport talap edilmeýär.

“15-nji marta çenli Owganystanda bolmaly diýdiler” diýip, balkanly bir nebitgaz hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygynda işlemek üçin, ýerli hünärmenlere 400 dollar möçberinde zähmet haklary teklip edilýär.

Türkmen hünärmenleri bu tölegleriň dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça ýerli pul birliginde, manatda beriljekdigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

Bu töleg resmi kurs boýunça 1400 manat, gara bazar boýunça takmynan 6800 manat bolýar. Üstesine, ýerli hünärmenler Owganystandaky howpsuzlyk şertleriniň ýagdaýyna alada bildirýärler.

“Zähmet haky daşary ýurt walýutasynda tölenen halatynda hem, olaryň jan-saglygy Owganystanda elmydama howp astynda bolar” diýip, balkanly bir işgär Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Owganystan parahat ýurt däl, ýurduň çäginde hereket edýän dürli toparlar bilen häkimiýet başyndaky Talyban” toparynyň arasynda konfliktler dowam edýär. Şeýle-de, bu ýurtda neşe gaçakçylarynyň arasynda barýan ganly çaknyşyklar hiç kimiň howpsuzlygyna kepil geçip bilmeýär” diýip, balkanly ýaşaýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy bu maglumatlar boýunça “Türkmengaz” döwlet konserninden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygynyň töweregindäki täzelikler türkmen resmileriniň we owgan häkimiýetleriniň soňky wagtlarda geçiren birnäçe duşuşyklarynyň yz ýanyna gabat geldi.

Owgan mediasyna görä, “TAPI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow 20-nji fewralda Owganystanyň magdanlar we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen Kabulda duşuşyp, bu taslamanyň gurluşygyny maslahat etdi.

“Iki tarap hem TOPH taslamasynyň çaltlandyrylmagyny nygtadylar” diýip, owgan mediasy duşuşykdan soňra ministrligiň beýanatyny sitirledi.

4-6-njy mart aralygynda owgan wekiliýeti Aşgabatda bolup, türkmen resmileri bilen duşuşdy. Şeýle-de, bu döwürde Aşgabatda owgan önümleriniň sergisi we işewürler forumy geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu duşuşykdan soňra köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat çap etdi. Gepleşikleriň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda “ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi” maslahat edildi.

Owganystan bu taslamadan tranzit tölegleri hökmünde ýylda 200 million dollardan gowrak girdeji gazanmagy göz öňünde tutuýar. Galyberse-de, owgan media serişdeleri bu taslamanyň Owganystany 12 müň töweregi täze iş orunlary bilen üpjün etjekdigini aýdýarlar. Taslamanyň 800 kilometre golaý bölegi Hyrat, Farah, Nimroz, Helmand we Kandahar welaýatlarynyň üstünden geçýär.

Türkmen gazyny Günorta Aziýa ýurtlaryna iberjek gaz taslamasynyň düýbi 2015-nji ýylyň dekabrynda tutuldy. Ýöne gurluşyk işlerinde heniz möhüm öňe gidişlik gazanylmady.Uzynlygy takmynan 1800 km boljak geçiriji bilen Türkmenistan özüniň eksport ugurlaryny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Ýöne ençeme ýyllardan bäri Owganystanda dowam edýän durnuksyzlyk, ýaramaz howpsuzlyk şertleri, şeýle-de taslamanyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meseleler bu taslamanyň gurluşygyny yza çekdirdi.

“Owganystan TOPH taslamasynyň ýerine ýetirilýän ýerlerini howpsuzlyk bilen üpjün edýär. Biz muňa doly taýýar” diýip, owgan mediasy “Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahidiň sözlerini sitirleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi çeşmeler
Kabul we Aşgabat owgan sarp edijilerini türkmen elektrik togy bilen üpjün etmek baradaky şertnamany uzaldar
Samoli Türkmenistan bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Taliban 10 Welaýat Merkezinde Gözegçiligi Ele Geçirdi
Täze film
Hatibzadeh: Eýranyň Owganystan bilen serhetleri parahat we howpsuzdyr