
9-njy fewralda, bazar güni geçirilen bäsleşikde, Harbin Aziýa gyş oýunlaryna gatnaşýan türkmenistanly hokkeýçileriň üçüsine, oýun wagtyndaky nädogry hereketleri üçin, temmi berildi. Türkmen topary bu oýunda Hytaýyň SAR toparyndan 5-1 hasabynda utuldy.
Hong-Kong Sport federasiýasy we Olimpiýa komiteti (SF&OC), Hytaý, bazar güni güni Aziýa gyş oýunlarynda iki sany SAR hokkeý oýunçysynyň türkmen kärdeşleri tarapyndan ýaralanmagy netijesinde, degişli edaralaryň çäre görmegini talap etdiler diýip, RTHK neşiri habar berýär.
Türkmen üçlügi Erkin Kakabaýew, Arslan Geldimyradow we Begenç Döwletmyradow dagy Hong-Kongyň birnäçe oýunçysyna hüjüm etdi.
Ýaralanan iki oýunçynyň, toparyň lukmanynyň we ýerli hassahananyň geçiren barlagyndan soň, durnukly ýagdaýdadygy aýdylýar.
Bu dawa SAR toparynyň 5-1 hasabynda ýeňiji bolan oýnunda, Hong-Kong, Hytaý we Türkmenistan arasynda erkekleriň C toparlarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ahyrynda boldy.
“Sinhua” habar gullugynyň habaryna görä, iki tarap el gysyşýan wagtynda dawa-jenjel döräpdir.
Sosial mediada paýlaşylan wideolarda garşydaşlary tarapyndan hüjüm edileninden soň buza ýykylan birnäçe SAR oýunçysyny görünýär. Olaryň biri, Alwin Şam kellesini iki eli bilen tutup, mazaly ejir çeken ýaly bolup görünýär.
Eminler we topar resmileri derrew ara goşulyp, söweşi öňüni aldylar. Duşuşyk hasabatynda türkmen toparynyň üç oýunçysyna "oýundaky nädogry hereket" jerimeleriniň berlendigi aýdylýar.
SF&OC beýanat çap edip, türkmen türgenlerini "bilkastlaýyn hüjüm etmekde we şikes ýetirmekde" berk ýazgardy.
Hong-Kong toparynyň missiýa başlygy Kennet Fok wideo ýazgylaryny gözden geçireninden soň, degişli ýolbaşçylar bilen habarlaşdy we türgenleriň şahsy howpsuzlygyny üpjün etmek üçin temmi çärelerini görmegi talap etdi diýip, habarda bellenýär.
Hong-Kong toparlaýyn oýunlaryň üçüsinde-de ýeňiş gazandy we birinji gün agşam Gyrgyzystan bilen çärýek final oýny üçin bäsleşer.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.