
Türkmenistanyň geçen ýyl çap eden ilat sany etnik azlyklaryň öz dillerinde okamagy üçin şertiň bardygyny, olaryň mekdeplerde dürli dillerde synp açmak üçin san taýdan köpdügini görkezdi.Emma Türkmenistanda ilat diňe türkmen dilinde bilim alyp bilýär, şeýle-de rus dilinde okadýan az sanly klaslar saklanýar. Ýurtda özbekler, gazaklar, azeriler, ermeniler, ruslar, kürtler, buluçlar, parslar we ýene birnäçe milletleriň wekilleri ýaşaýar.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky synçysy ýurtda başga milletleriň wekilleriniň öz ene dilinde bilim almagy üçin bar bolar şertleri analiz edýär.
Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwyna görä ýurtda 40-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Özbekler iň köp sanly etniki azlyk toparynyň eme getirip, olar ilatyň 9,1%-ni düzýär, ruslaryň sany 1,6%, buluçlar 1,2%, azeriler 0,4 we gazaklar 0,2% diýlip 2022-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijelerinde görkezilýär, emma bu resmi sanlarda ozalky ilat ýazuwlaryndan tapawutlylykda başga milletleriň sany goşulmandyr.
Azatlygyň Türkmenistandaky synçysy 2022-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijelerinde ilatyň milli düzümi baradaky resmi maglumatlaryň we türkmen resmileriniň BMG-niň wekillerine etniki azlyklaryň deňliginiň üpjün edilýändigi barada berýän hasabatlarynyň ýurduň dürli milletli raýatlarynda nägilelik döredýändigini belledi. Milli azlyklara öz dillerinde erkin metbugat serişdelerine eýe bolmak, ene dillerinde bilim almak hukugy iş ýüzünde berjaý edilmeýär.
Ýurduň statistika edarasyndaky çeşmeler bolsa, köpçülige mälim edilen statistik sanlaryň köp halatda esasan hem dogluş, migrasiýa we milli düzüm meselelerine gezek gelende "hökümete amatly görnüşde" berlendigini aýdýarlar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan statistika edarasynyň işgäri ýurduň sebitlerinde kowçum bolup ýaşaýan etniki azlyklaryň resmi sanlaryna salgylanyp, olaryň öz dilinde bilim almak üçin san taýdan doly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
- Men bu ýerde sanlara salgylanyp aýdyp bilerin. Ýerli milli azlyklar barada aýdylsa, Aşgabat şäherinde kürtleriň sany 2159 adam we parslaryň sany 584. Kürtleriň türkmenlere ýakyn demografik şertlerini nazarda tutsak, ortaça, her ýyl Aşgabada birinji synpa kürt maşgalalaryndan 30-35 çaga gelýär, bu san 1 sany kürt dili okadylýan synp açmak üçin ýeterlik. Parslaryň sany, elbetde, juda az.
Statistika edarasynyň hünärmeni paýtagtdan tapawutlylykda Ahal welaýaty boýunça, tersine, kürtleriň sany gaty az - 112 adam, ýöne parslar - 5479 adam diýýär.
"Olaryň 95%-den gowragy Sarahs şäherinde we etegindäki obalarda ýaşaýar. Ýagny, parslaryň demografik ýagdaýyny nazarda tutsak, her ýyl birinji synpa pars maşgalalaryndan azyndan 70-75 çaga gelýär. Bu bolsa 3 sany pars dilli synp açmaga mümkinçilik berýär" diýip, bilermen belleýär.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bilermen Balkan welaýatynda gazak azlygynyň resmi sanlarynyň 2663 adam bolup, olaryň aglabasynyň uly ýaşly we pensionerdigini belledi. Şeýle-de bolsa, Türkmenbaşy şäherinde azyndan bir sany gazak dilli synp açmak üçin gazak çagalarynyň sanynyň ýeterlikdigini aýtdy.
Bilermen Daşoguz welaýatynda özbekleriň we gazaklaryň sanynyň onlarça mekdep we birnäçe ýüz synp açmaga mümkin berýändigini belledi:
- Daşoguz welaýaty barada aýdylanda, elbetde, hat-da resmi sanlar boýunça-da bu sebitde 489453 özbek ýaşaýar. Etniki özbeklerde çaga dogluşynyň ýurt boýunça biraz ýokarydygyny nazara alsak, bu sebitde birinji synpa ortaça 7300-7400 sany özbek okuwçylary barýar. Bu bolsa hersi 25 okuwçydan ybarat 292-296 sany synp açmaga mümkinçilik berýär.
Statistika edarasynyň hünärmeniniň sözlerine görä, sebitde 5796 etniki gazak ýaşaýar. Bu bolsa azyndan 45 okuwçylyk iki sany gazak dilli synp açmaga ýol berýär. Şeýle-de welaýatda 2272 etniki garagalpak bolup, birinji synpa ortaça 35 çaga barýar, bu bolsa hiç bolmasa ýekeje synp açmaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanda etniki azlyklaryň köplük bolup ýaşaýan ýene bir welaýaty Lebapda 136499 özbek we 131 täjik ýaşaýar.
- Resmi görkezilen 136 müňden gowrak etniki özbeklerden her ýyl birinji synpa ortaça 2000 çaga barýar, bu bolsa 25 okuwçylyk 80 synpa deň.
Mary welaýatynda kowçum bolup ýaşaýan milli azlyklaryň sany boýunça iň bir köpdilli we köpmilletli sebit bolup durýar.
- Birinji synpa ortaça barýan çagalaryň we 25 okuwçylyk synplaryň sany görkezilse: welaýatda 6676 özbek bar, ýagny 100 çaga üçin 4 synp; 85384 buluç bar, 1650-1660 çaga üçin 66 synp; 4718 pars bar, 65 çaga üçin 2-3 synp; 2325 owgan bar, 40 çaga üçin 2 synp döredip bolýar. Ýatlasak, bu sebitde 1995-nji ýylda birnäçe müň gazak ýaşaýardy we olar ozalky Guşgy etrabynyň 12% ilatyny tutýardy.
Welaýatda parslar Mary şäherinde we Murgap etrabynda; özbekler - Mary we Baýramaly şäherlerinde, Baýramaly etrabynda, owganlar - Tagtabazar etrabynda. Etniki buluçlar bu gün Mary welaýatynyň ähli etraplarynyň oba ýerlerinde kowçum ýaşaýarlar.
Azatlygyň Türkmenistandaky synçy welaýatlaryň bilim resmilerine salgylanyp, başga dilde, şol sanda özbek dilinde okadylýan synplaryň açylmagyna "Aşgabatdan rugsadyň ýokdugyny" belleýär.
"Welaýat baş bilim müdirligi öňler 'bolanok, açylmaz' diýip jogap beren bolsa, indi aç-açan 'bize galsa, şu günem açardyk, ýöne Aşgabatdan rugsat ýok' diýýärler" diýip, synçymyz lebaply bilim resmisini sitirledi.
Maryly bilim işgäri etniki azlyklaryň ýurtdaky "türkmenleşdirme" syýasatynyň bilim pudagyndaky täsirinden ejir çekýändigini belledi.
"Aşgabat milli azlyklaryň dillerinde synp açmaga maliýe serişdelerini harçlasy gelenok, şonuň üçin hem buluç, owgan, pars obalarynda çagajyklar ne türkmen dilinde, ne ene dilinde dürs ýazyp-pozup bilýärler. Şol sebäpli hem, Mary, Baýramaly şäherleriniň we Baýramaly etrabynyň kowçum bolup ýaşaýan etniki özbekleri hem çagalaryny köplenç şäherlerde seýrek saklanyp galan rus synplara bermäge mejbur bolýarlar " diýip, bilim wekili aýtdy.
Ýerli bilim ulgamyny synlaýan synçynyň pikirine görä, ýurtdaky demografik, syýasy we ykdysady ýagdaýy, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä bazaryna, şol sanda Günbatara ykdysady ýollary açmak islegleri ýurduň adam hukuklaryny berjaý edip, milli azlyklar meselesini iru-giç çözmeli boljagyny görkezýär.
Şu aýda BMG Türkmenistanyň ykdysady, durmuş we medeni hukuklar baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada diňlenişik geçirer.
Halkara jemgyýetçiligi türkmen hökümetiniň resmi delegasiýasynyň berjek hasabatyny, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy abraýly halkara guramalarynyň maglumatlaryny diňlär. 26-njy fewralda geçiriljek diňlenişikde hökümete degişli bolmadyk 10 golaý gurama çykyş eder, olaryň arasynda "Progres Fondy" we "Human Rights Watch" guramasy bar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.