Türkmen himiýaçy-alymlary özboluşly lukmançylyk serişdelerini döredýärler

Türkmen himiýaçy-alymlary özboluşly lukmançylyk serişdelerini döredýärler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty ýurdumyzyň himiýa senagatyna dünýäniň iň ýokary nusgalary bilen mynasyp bäsleşik edip bilýän täze önümleri ornaşdyrmak boýunça ylmy-tehniki meseleleri çözýär.

Häzirki döwürde himiýa institutynyň hünärmenleri özboluşly lukmançylyk serişdelerini döredýärler hem-de önümleriň ekologiýa ulgamyna we onuň önümçiliginde galyndysyz pudagyň emele gelmegine möhüm üns berip, täze görnüşli serişdeleriň önümçiliginiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýarlar.

Gowaça çigidini peýdalanmak arkaly biologiýa taýdan möhüm serişdeleriň ýagly kislota esasynda birleşmesini aldylar we bakterisid aýratynlygy bolan ýod saklaýan elementleri ýüze çykardylar. Ösümlikleriň, adam saglygy üçin peýdaly minerallaryň bejerijilik ukybyna hiline geçirilen seljermeler ýurdumyzyň derman senagatynda derman serişdeleriniň we önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ösümlikleriň utgaşmagynyň esasynda bakteriýalara garşy ulanylýan “ýodomal” serişdesini öndürmek ýaly täze ugry taýýarladylar.

Ylmy barlaglar Merkezi Aziýada ýeke-täk bolan “Suw.Toprak.Howa” göçme barlaghanasynda geçirildi.Ol KAMAZ awtoulagynda enjamlaşdyryldy.Umuman, bu barlaghana dürli ugurlar boýunça möhüm ylmy barlaglary geçirmäge, çylşyrymly tejribe meselelerini çözmäge ukyply ylmy meýdança hasaplanylýar. “Ýodomal” serişdesi bilen türkmen hünärmenleri adaty ýeralmanyň düzümine barlag geçirenlerinde onda ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän poliwinilspirtiň ornuny tutýan serişdäniň bardygyny ýüze çykardylar.

Himiýaçylaryň barlaglary netijesinde ýokarymolekulýar birleşme alyndy.Ol aýratynlygy boýunça poliwinilspirtinden pes bolmadyk azyk krahmalyny ergin görnüşe getirmek arkaly alynýar.Barlaglar türkmen hünärmenleriniň sintezirlän serişdeleriniň ýoduň adam bedenine bolan gatnaşyklaryny uzaldýandygy, şeýle hem bedende gyjynma döretmeýändigi bilen artykmaçdyr. Şeýle hem ýerli çig mallar peýdalanylanda bu serişdäniň daşary ýurtlardan getirilýän görnüşinden birnäçe esse arzan düşýändigini bellemeli.

Taýýar bolan serişde öz ähmiýetini ýarym ýylyň dowamynda saklaýar.Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde geçirilen barlaglarda “ýodomalyň” bakteriýalara garşy häsiýetleri tutuş dünýäde giňden ulanylýan ýodonoluňky bilen deň derejededigi anyklandy.

Ýene degişli makalalar

Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynyň önümleriniň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanda ýol salgy berýän ykjam goşundy işläp başlady
Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary
Türkmen himiýaçy-alymlarynyň täze işläp taýýarlamalary